Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, halkymyzyň sagdyn, abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan sahawatly, ynsanperwer işler häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ulgamda alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Şuňa laýyklykda, ýurdumyzda saglygy berkitmekde, keselleri irki döwürde anyklamakda, ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmakda, kesele garşy immuno durnuklylygy ýokarlanmakda möhüm orny eýeleýän saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada gürrüň etmek juda buýsançlydyr.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ilatymyzyň saglygyny dikeltmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde saglyk desgalary gurlup, ulanmaga berildi.
Şeýle-de derman senagatynyň önümçiligi we derman serişdeleriniň görnüşleri artdyryldy. Ilatyň islegine we talabyna görä derman we sargy serişdelerini öndürýän kärhanalaryň sany barha artdy. Ýurdumyzda tutuş ýylyň dowamynda ilata bejeriş, saglygy berkitmek üçin hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän şypahana, dynç alyş toplumy hem döredildi. Durky täzelenip, ulanylmaga berlen şypahanalardan, dynç almak, bejeriş üçin döredilen oňaýly şertlerden raýatlarymyz ýerlikli peýdalanýarlar.
Mundan başga-da, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagy üçin lukmanlaryň we hünärmenleriň iş tejribesini baýlaşdyrmak maksady bilen, olar öňdebaryjy lukmançylyk merkezlerine okuwa iberilýär. Türkmen lukmanlaryna abraýly halkara lukmançylyk edaralary bilen ýola goýlan gatnaşyklar dürli keselleri anyklamagyň, bejermegiň täze, netijeli usullaryny ulanmaga mümkinçilik berdi. Şonuň netijesinde, Türkmenistanyň çäginde birnäçe howply keselleriň ýok edilendigi barada soňky berlen güwänamalar saglygy goraýyş ulgamyndaky gazanylan uly üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda çagalar aýratyn mähir bilen gurşalýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi aýratyn buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Bu gazna tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, olar üçin durmuş ýeňilliklerini, zerur şertleri döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky alyp barýan işleri halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky alada bilen gurşalandyr. Şu günki güne çenli amal edilen işler özüniň oňyn netijesini berip, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy rowaçlyklara beslenýär.
Şeker Çaryýewa,
Aşgabat şäherindäki 3-nji saglyk öýüniň baş lukmany.
PDF









