Adam sag­ly­gy jem­gy­ýe­tiň iň gym­mat­ly baý­ly­gy­dyr. Hal­ky­my­zyň aras­sa, sag­dyn we bag­ty­ýar ýa­şa­ma­gy döw­le­ti­mi­ziň içe­ri sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Ýurdumyzda alnyp barylýan «Sag­dyn jem­gy­ýet – bag­ty­ýar dur­muş» ýö­rel­ge­si ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we bu ugur­da ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.
Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da döw­re­bap has­sa­ha­na­lar, sag­lyk öý­le­ri, anyk­la­ýyş-bar­lag mer­kez­le­ri gur­lup, ila­ta ýo­ka­ry de­re­je­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry ýe­ti­ril­ýär. Bu ul­ga­myň ösü­şin­de «Sag­lyk» döw­let mak­sat­na­ma­sy, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň alyp bar­ýan iş­le­ri mö­hüm orun eýe­le­ýär. Ýur­du­myz­da hä­zir­ki za­man anyk­la­ýyş en­jam­la­ry, la­zer be­jer­gi­si, ge­ne­ti­ki bar­lag we te­le­luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Bu bol­sa luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar we ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýär. Türk­men luk­man­la­ry hä­zir­ki dö­wür­de di­ňe içer­ki däl, eý­sem, hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki okuw mer­kez­le­rin­de hem bi­lim al­ýar­lar. Bu bol­sa ola­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, dün­ýä luk­man­çy­lyk tej­ri­be­si­ni öz­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Sag­lyk bi­li­mi jem­gy­ýe­tiň sag­dyn ösü­şi­niň bin­ýa­dy bo­lup dur­ýar. Myrat Garryýew adyndaky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti luk­man­çy­lyk ul­ga­myn­da kä­mil hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­da aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­lip, ta­lyp­la­ra hal­ka­ra stan­dart­la­ry­na la­ýyk bi­lim be­ril­ýär. Uni­wer­si­te­tiň ta­lyp­la­ry be­je­riş işi, pe­di­at­ri­ýa, sto­ma­to­lo­gi­ýa, far­ma­si­ýa, jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy, la­bo­ra­to­ri­ýa bar­lag­la­ry ýaly ugur­larda taý­ýar­la­n­ýar.
Mun­dan baş­ga-da, or­ta hü­när de­re­je­li sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­ni taý­ýar­la­mak üçin ýö­ri­te­leş­di­ri­len luk­man­çy­lyk mek­dep­le­ri he­re­ket ed­ýär. Olar we­la­ýat­lar­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny iş­gär­ler bi­len üp­jün ed­ýär.
Sag­lyk bi­li­mi­niň giň­den ýaý­ra­ma­gy ila­tyň aras­sa­çy­lyk, dog­ry iý­mit­len­mek, be­den­ter­bi­ýe we öňü­ni alyş çä­re­le­ri ba­ra­da­ky ha­bar­ly­ly­gy­ny art­dyr­ýar. Bi­lim­li adam sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň, ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­gyň we aras­sa dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­me­giň mö­hüm sub­ýek­ti­dir. Türk­me­nis­ta­nyň jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ry (me­se­lem, «Sag­dyn ene­lik we ça­ga döw­rü­ni go­ra­mak», «Ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak») ila­tyň sag­lyk bi­li­mi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.
Türk­me­nis­tan Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar. Bu hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni alyş çä­re­le­ri, san­jym mak­sat­na­ma­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy bo­ýun­ça okuw mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­mynda elekt­ron sag­lyk mag­lu­mat ul­ga­my­nyň dö­re­dil­me­gi luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň el­ýe­ter­li­li­gi­ni we ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­tan sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk de­re­je­de ös­dür­ýär.

Tyllagözel NURYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.