Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä bi­le­le­şi­gi di­ňe bir yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy däl, eý­sem, glo­bal sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da­ky we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de hem ta­gal­la ed­ýär. Şo­nuň üçin hem ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­tyn­da ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak esa­sy we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny top­lum­la­ýyn kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li öz­gert­me­ler yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Wa­ta­ny­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek, be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek, sag­dyn iý­mit­len­mek, tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça iş­ler üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ugur­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy ýur­du­my­zyň yg­ty­bar­ly we uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­da­şy bo­lup dur­ýar. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, şol san­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li yk­rar edil­ýär. Mu­ňa döw­let
Baş­tu­ta­ny­my­za Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň «Sag­ly­gy go­ra­ýyş­da pa­ra­hat­çy­ly­gy, ag­zy­bir­li­gi we dip­lo­ma­ti­ýa­ny öňe sür­mek­de go­şan go­şan­dy üçin» at­ly ýö­ri­te sy­la­gy­nyň gow­şu­ryl­ma­gy hem aý­dyň su­but­na­ma­dyr.
Sag­ly­gy go­ra­ýyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy di­ňe bir yla­la­şyk däl, eý­sem, adam­za­dyň gel­je­gi­ni go­ra­mak üçin gur­lan ynam köp­rü­si­dir. Türk­me­nis­tan Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy bi­len ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk­ saklap, se­bit­de sag­ly­gy go­ra­ýyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ös­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar. Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra mas­la­hat­lar hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sydyr.
Ýo­ka­ry de­re­je­li dia­lo­gyň ne­ti­je­le­ri hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň we sag­ly­gy go­ra­ýyş sy­ýa­sa­ty­nyň ut­gaş­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­ny ýe­ne bir ge­zek su­but et­di. Gel­jek­de bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­lyk «Bir dün­ýä – bir sag­lyk» kon­sep­si­ýa­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne iter­gi be­rer.

Leýli BÄŞEKOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.