Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň iň şan­ly wa­ka­la­ry­nyň bi­ri bol­jak he­mi­şe­lik Bitaraplygyň 30 ýyl­ly­gy­na il­deş­le­ri­miz zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len bar­ýar. Bu şan­ly ýyl­da Wa­ta­ny­myz üçin ýe­ne bir ta­ry­hy se­ne­le­riň bi­ri ýag­ny, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na 30 ýyl bol­ýar. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ro­waç­lan­dyr­mak, be­den­ter­bi­ýä­ni we köp­çü­lik­le­ýin spor­ty iş­jeň­leş­dir­mek ba­bat­da köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Ke­sel­le­ri ir anyk­la­mak, ne­ti­je­li be­jer­mek we öňü­ni al­mak bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry we in­no­wa­si­on tej­ri­be­le­ri işe or­naş­dyr­mak, yn­san öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak, el­ýe­ter­li hem-de ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny üp­jün et­mek ba­bat­da üs­tün­lik­li ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy.
Öz­gert­me­le­riň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hem luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny ber­me­giň hal­ka­ra stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len öň­de­ba­ry­jy luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len iň hä­zir­ki za­man hassaha­na­la­ryň dö­re­dil­me­gidir. Şu ýyl­la­ryň do­wa­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy – Ýew­ro­pa­nyň luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk, giň tej­ri­be alyş­mak iş­jeň ös­dü­ril­di. Bi­le­lik­dä­ki yl­my göz­leg­le­re, yl­my mas­la­hat­la­ry, ser­gi­le­ri we mas­la­hat­la­ry gu­ra­ma­ga uly üns be­ril­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ba­şy­ny baş­lan be­ýik baş­lan­gyç­la­ry hormatly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da do­wam etd­irilýär. Döw­re­bap­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan sag­ly­gy go­ra­ýyş des­ga­la­ry, sag­lyk mak­sat­ly iň tä­ze en­jam­lar yn­san­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga giň müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Şeý­le giň müm­kin­çi­lik­le­riň esa­syn­da ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, hal­kyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, şeý­le hem ýur­du­myz­da dur­nuk­ly we amat­ly aras­sa­çy­lyk ýag­da­ýy­ny sak­la­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Hal­ky­myz­da sag­dyn­lyk ugur­la­ry­na uly üns ber­mek asyl­ly ýö­rel­gä öw­rü­lip­dir. Asyr­lar­bo­ýy kä­mil­leş­di­ri­lip ge­len şu ýö­rel­ge­le­riň esa­syn­da sag­dyn ýa­şa­ma­gyň syr­la­ry öw­re­ni­lip­dir. Hä­zir­ki döwü­r­de luk­man­çy­lyk ylym­la­ry ös­dü­ril­ýär we yl­my ga­ra­ýyş­lar yzy­gi­der­li be­ýan edil­ýär. Esa­san hem, yl­my ede­bi­ýat­lar­da be­ýan edil­ýän ga­ra­ýyş­lar ýaş hü­när­men­le­re, ta­lyp­la­ra öw­re­dil­ýär. My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­tin­de hem ýaş luk­man­la­ry taý­ýar­la­mak­da we ola­ra bi­lim öw­ret­mek­de döw­re­bap iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry, luk­man­çy­lyk yl­my­nyň ugur­la­ry çuň­ňur öw­re­dil­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­byn­dan ugur al­nyp, der­man­lyk çig mal­la­ry taý­ýar­la­ýan­la­ra we ýyg­naý­jy­la­ra bu ösüm­lik­ler ba­ra­da bi­lim­le­ri­niň üs­tü­ni ýe­tir­mek, ola­ryň gur­lu­şy, ýaýrawy, hi­mi­ki dü­zü­mi, ösüş şert­le­ri, luk­man­çy­lyk tej­ri­be­sin­de peý­da­la­ny­ly­şy, şeý­le-de ýyg­na­ma­gyň möh­le­ti, usul­la­ry, sak­la­ma­gyň düz­gün­le­ri, eko­lo­gik äh­mi­ýet­li­li­gi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry gi­ňelt­mek yl­my esas­da öw­re­dil­ýär.
«Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen ugur­la­ryň bi­ri hem ila­tyň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni, sport he­re­ket­le­ri­ni ös­dür­mek­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de ýaş ne­sl­iň sag­dyn dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin sport des­ga­la­ry­nyň gur­lup ulan­ma­ga be­ril­me­gi, sport he­re­ket­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi, hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän sport çä­re­le­ri­niň ro­waç­lan­ma­gy aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr.

Fir­ýu­za Býa­şi­mo­wa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.