Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. «Il saglygy – ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygyny hemme zatdan ileri goýup, dünýä ülňülerine laýyklykda dynç almaklaryny, saglygyny berkitmeklerini, döwlet derejesinde esasy meseleleriň biri hökmünde goýýar. Ilatyň saglygyny pugtalandyrmakda we keselleriň öňüni almakda, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň gurluşyny, dolandyrylyşyny, hilini hem-de ony guramagyň usullaryny we oňa gözegçilik etmegiň ulgamyny kämilleşdirmek babatda uly işler alnyp barylýar.
Ynsan saglygynyň goralmagyna gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuknamalar we döwlet maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda adam saglygy döwlet üçin möhüm we wajypdyr. Şu nukdaýnazardan, «Şypahana işi hakynda» (04.08.2012ý.), «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» (18.12.2013ý.), «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» (23.05.2015ý.), «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda» (16.08.2014ý.), «Derman üpjünçiligi hakynda» (12.01.2016ý.), «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» (26.03.2016ý.) Türkmenistanyň Kanunlary adamyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna we keselleriň öňüniň alynmagyna, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň gurluşynyň, dolandyrylyşynyň, hiliniň hem-de ony guramagyň usullarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.
Şeýle-de ýurdumyzda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly milli strategiýa, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy, Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 – 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy, «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 – 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» ýaly iri taslamalar giňden durmuşa ornaşdyrylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ilatymyzyň saglyk ýagdaýynyň has gowulandyrylmagyna, abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, adamyň ömrüniň dowamlylygynyň artdyrylmagyna, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleriň we şertleriň üpjün edilmegine, saglygy goraýşyň halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürilmegine hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamynyň döredilmegine gönükdirilendir. Bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde ösdürildi. Şunuň bilen birlikde, saglygy goraýyş ulgamynyň täze edaralary we derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurulýar, döwrebap enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmegiň hasabyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda gol çeken Permanyna laýyklykda, her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini has-da buýsandyrýar. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak we pugtalandyrmak ulgamynda, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde uly üstünlikler gazanyldy we bu ugurda yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda adamyň saglygyny dikeltmek üçin gurulýan hassahanalar, ylmy-kliniki merkezler, şypahanalar, döwrebap enjamlaşdyrylan beýleki lukmançylyk edaralary saglyk ulgamynyň dünýä derejesinde ösýändiginden habar berýär. Diýarymyzyň dürli künjegindäki şypahanalaryň durkuny täzelemek işleri hem ýokary depginlerde alnyp baryldy.
Mundan başga-da, sagaldyş merkezleri, şypahanalar we dynç alyş merkezleriniň enjamlaşdyrylyşy we hyzmatlar ulgamy dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda we etraplarda onlarça lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri guruldy. Köp sanly saglyk merkezleri düýpli döwrebaplaşdyryldy. Olarda häzirki döwürde hassalar üçin ýokary derejeli şertler döredilýär. Umuman, lukman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň saglygyny ilkinji nobatda goýmagy, olaryň dünýä ülňülerine laýyklykda dynç almaklaryny, saglygyny berkitmeklerini, döwlet derejesinde esasy meseleleriň biri hökmünde goýmagy raýatlarymyzyň saglygyny goramaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi üçin döwlet kepillendirmeleriniň has hem netijeli we yzygiderli durmuşa geçiriljekdigini aňladýar.
Aýnur GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.