Hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de be­lent yn­san­per­wer baş­lan­gyç­la­ry uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar, ösüp gel­ýän ne­sil ba­ra­da ala­da et­mek, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da iş­jeň­leş­dir­mek mö­hüm we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Türk­me­n halkynyň dur­mu­şyn­da ag­zy­bir­lik, sa­ha­wat­ly­lyk dü­şün­je­le­ri­ne örän uly orun de­giş­li. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da hem hal­ky­my­zyň yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri giň ge­ri­me eýe bol­ýar. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni yn­san­per­wer gym­mat­lyk­la­ryň da­şyn­da bir­leş­dir­mek üçin uly ta­gal­la­la­ry ed­ýär.
Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da ça­ga­la­ryň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek, maş­ga­la­ny gol­da­mak, enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, bu ugur­la­ryň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň dö­re­dil­me­gi bol­sa, sa­ha­wat­ly ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň do­wa­mat-do­wa­ma eýe­di­gi­niň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rü­lip, onuň işi bar­ha giň gur­şa­wa ýaý­ra­ýar. Gaz­na ta­ra­pyn­dan müm­kin­çi­lik­le­ri çäk­li ça­ga­la­ry gol­da­mak, ola­ryň sag­ly­gy­ny di­kelt­mek we pug­ta­lan­dyr­mak, saz­la­şyk­ly ös­mek­le­ri üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça düýp­li iş­ler yzy­gi­der­li esas­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Awa­za­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň şa­ham­ça­sy­nyň açyl­ma­gy sa­ha­wat­ly sy­ýa­sa­tyň no­bat­da­ky da­ba­ra­lan­ma­sy bol­dy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň be­je­riş iş­le­ri bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti Ogul­ja­han Ata­ba­ýe­wa açy­lyş da­ba­ra­sy my­na­sy­bet­li eden çy­ky­şyn­da bu ta­ry­hy wa­ka­nyň – ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň şa­ham­ça­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Bu wa­kanyň bi­ziň ýur­du­myz­da ça­ga­lar ha­kyn­da­ky ala­da­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, di­ňe Türk­me­nis­tan­da däl, eý­sem, dün­ýä­de ýa­şa­ýan äh­li ça­ga­lar ha­kyn­da­ky ala­da­nyň türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man
Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň üns mer­ke­zin­de dur­ýan­dy­gy­ny görkezýän­di­gi be­ýan edil­di. Ogul­ja­han Ata­ba­ýe­wa gaz­na­nyň bar­ha art­ýan hal­ka­ra yn­san­per­wer işi ba­ra­da aý­dyp, Tür­ki­ýe­de, Uk­rai­na­da, Rus­si­ýa­da, Ow­ga­nys­tan­da, Tä­ji­gis­tan­da ýüz­ler­çe ça­ga kö­mek ber­len­di­gi­ni, bu ýurt­la­ra ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen de­giş­li ýük­le­riň ug­ra­dyl­ma­gy­nyň bol­sa onuň işi­niň çä­gi­niň bar­ha gi­ňel­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýän­di­gi­ni bel­läp geç­di.
Gaz­na­nyň şa­ham­ça­sy çyl­şy­rym­ly ope­ra­si­ýa­la­ry ge­çi­ren ýa-da uzak möh­let­li be­jer­gi al­ýan ça­ga­la­ra top­lum­la­ýyn luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni gu­ra­mak üçin mö­hüm mer­kez bo­lar. Ha­zar deň­zi­niň aras­sa ho­wa­sy, döw­re­bap sa­gal­dyş mer­kez­le­ri we gaz­na ta­ra­pyn­dan iş­le­riň saz­la­şyk­ly ut­gaş­dy­ryl­ma­gy ça­ga­la­ryň sag­lyk­la­ry­ny di­kelt­me­gi we do­ly de­re­je­de dur­mu­şa go­şu­lyş­ma­gy üçin amat­ly şert­le­ri dö­re­der.
Gaz­na­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na ge­çi­ril­ýän ne­ti­je­li iş­ler en­çe­me oja­ga, ho­wan­dar­ly­ga, gol­da­wa mä­täç köp ça­ga­nyň kal­by­na sa­ha­wat nu­ru­ny saç­dy. Bu gün bi­ziň hem­mä­miz ýur­du­myz­da ho­wan­dar­lyk, he­ma­ýat, ha­ýyr-sa­ha­wat ýa­ly dur­mu­şy gö­zel­leş­dir­ýän asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň has-da ro­waç­lan­ýan­dy­gy­nyň şa­ýa­dy bol­ýa­rys. Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy tu­tuş jem­gy­ýe­tiň yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Eji­zi gol­da­mak ýe­ke bir ada­myň we­zi­pe­si däl, ol tu­tuş jem­gy­ýe­tiň, döw­le­tiň we­zi­pe­si­dir. Şo­ňa gö­rä-de, pe­der­le­ri­mi­ziň eji­ze ho­wan­dar­lyk et­mek däp­le­ri we ka­da­la­ry döw­let sy­ýa­sa­ty­myz­da-da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Bu gün türk­men jem­gy­ýe­tin­de bi­rek-bi­re­gi gol­da­mak ýö­rel­ge­si ag­zy­bir­li­giň, raý­daş­ly­gyň bin­ýa­dy bo­lup, hal­ky­my­zy has-da je­bis­leş­dir­ýär.

Leýli AZADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.