Saýrak guşlaryň sesi ynsana ýakymly täsir etmek bilen, onuň ruhy-emosional ýagdaýyny sazlaýar. Ir säher bilen guşlaryň jürküldisine diň salyp, kofedir çaý içmek pikirleriňe durulyk çaýyp, duýgularyňy kadalaşdyrýar. Bu, hamana diýersiň, tebigat tarapyndan bejergi ýaly özüňi öňküden sagdyn hem rahat duýmaga kömek edýär.
Bu aýdylanlar diňe bir adamyň pikiri bolman, eýsem, dünýäniň dürli döwletleriniň bilermenleriniň ýörite seljermelerden soňky gelen netijeleri bilen hem berk baglydyr. Edil beýleki haýwanlar, meselem, delfinler, atlar, pişiklerdir itler bilen dostlaşmagyň saglyga oňat täsir edişi ýaly, saýrak guşlary diňlemek hem saglyk üçin peýdalydyr. Megerem, şonuň üçindir, gadymy döwürlerde-de, häzirki wagtda-da köp adamlar öýlerinde enaýyja kapasada dürli görnüşli saýrak guşlary saklaýarlar.
Sözümiz gury bolmaz ýaly, guşlaryň içinde iň saýrak guş hasap edilýän bilbil barada durup geçeliň. Öwrenilmegine görä, bilbiliň jemi 200-den gowrak dürli heňli nagmasy bar. Bilbiliň nagmalary mukama mahsus belentli-pesli derejelere galyp-peselmek arkaly adamyň keýpini çaglap, ruhuny beýgeltmek ýaly häsiýetlere eýedir. Bilbilleriň içinde has tapawutlanýan sary bilbiliň nagmalaryny ýüregiň kadaly işlemeginde örän peýdaly diýip hasap edipdirler.
Dynuwsyz gatnaýan ulaglaryň sesinden uzaklaşyp, sähra, meýdana golaýlaşdygyňça kalbyň rahatlanyp, göwnüň giňeýän ýaly bolýar. Şol pursatda niredendir bir ýerlerden saýrak guşlaryň nagma kakýanyny eşitmek seni has-da ruhlandyrýar. Ýüregiňde öň bar bolan arzuw-umytlaryňa ganat, etsem-petsemleriňe itergi beren ýaly bolýar. Ruhuň galkynmagy netijesinde bedeniňe dolan güýç-kuwwat seni durmuşa höweslendirýär. Sen şeýle duýgulara berlip, birsalym tebigatyň goýnunda dynç alyp, şähere şadyýan hem paýhasly halda dolanyp gelýärsiň.
Adamzat ösüşi boýunça Maks Plank institutynyň geçiren barlagyndan soň, guşlaryň sesini diňlän adamlaryň özlerini öňküden has bagtly duýýandyklary ýüze çykaryldy. Şoňa görä-de, günüň dowamynda 5 minut guşlaryň sesini diňlemek saglyk üçin peýdalydyr. Hünärmenler munuň ylmy taýdan näme sebäbe esaslanýandygyny düşündirmegiň hem çylşyrymlydygyny belleýärler.
Haýsy ýurtda guşlar erkana saýraýan bolsa, şol ýurt parahatdyr, onuň halky-da bagtyýardyr. Ata Watanymyz hem saýrak guşlaryň mekanydyr. Goý, asmanymyz hemişe arassa bolup, guşlar erkana ganat ýaýsynlar.
Baýnazar Abdalow,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.