Dünýäniň iň köp syýahatçy kabul edýän şäherleriniň biri bolan Italiýanyň kanallar şäheri Wenesiýanyň merkezine girmek geljek ýyldan başlap tölegli bolar. Syýahatçylar şäheriň gadymy ýadygärlikleriň jemlenen taryhy merkezine girmek üçin 5 ýewrolyk bilet satyn almaly bolar. Şäheriň ýerli häkimiýetiniň ýolbaşçysy Luiji Brugnaro şäher merkezine girişiň belli wagtyň dowamynda düzgünleşdirilmeginiň gereklidigini, emma munuň şäheriň ýapylýandygyny aňlatmaýandygyny aýtdy. Bu töleg diňe şähere gündizine girip-çykjak syýahatçylara degişli bolup, şäherde ýaşaýanlara, işleýänlere, okuwçylara, talyplara we 14 ýaşdan kiçilere degişli däldir.
Täze düzgüniň güýje girmegi üçin 12-nji sentýabrda şäheriň mejlisinde sese goýuljakdygy we tassyklanan ýagdaýynda geljek ýylyň bahar aýlarynda güýje girjekdigi mälim edildi.
Mundan iki ýyl ozal uly ýolagçy gämileriniň şähere girmegi gadagan edilipdi.