Diýarymyzyň dünýäniň umumy ösüşine giňişleýin we içgin aralaşmagy bilen, Türkmenistanda çuňňur ykdysady özgerişler bolup geçýär. Ykdysadyýetiň dolandyryş we mehanizmine düýpli özgertmeler girizilýär, hojalygyň alnyp barylyşynyň bazar usullary öňe sürülýär. Mälim bolşy ýaly, ylym we bilim babatynda adamzadyň häzirkizaman gazanan netijelerini önümçilige we ykdysadyýetiň dolandyrylyşyna ornaşdyrmazdan, kuwwatly ykdysady ulgamy döretmek mümkin däl. Hormatly Prezidentimiz Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris –diýip belleýär.

Dünýä tejribesinde öz nusgalarynyň köpdürlüligi bilen mälim bolan bazar ykdysadyýeti döwlet kadalaşdyrylmagy bilen üsti ýetirilýän durmuş eşretlerine gönükdirilen hojalygy häsiýetlendirýär. Bazar gatnaşyklary ulgamynyň düzüminde we döwlet tarapyndan ony kadalaşdyrýan mehanizminde salgytlar uly orny tutýar. Salgytlar bazar gatnaşyklarynyň aýrylmaz düzüm bölegidir we şol bir wagtda döwletiň geçirýän ykdysady syýasatynyň wajyp ykdysady guralydyr. Hut şol sebäpli, salgytlaryň ykdysady tebigatyny içgin bilmekligiň, olaryň hereket edişiniň aýratynlyklaryna çuňňur düşünmekligiň, jemgyýetçilik önümçiligiň netijeli ösmeginde olary doly ulanmagyň usullarynyň saýlap-seçilmeginiň möhüm ähmiýeti bar. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly we bökdençsiz ösýän şertlerinde, salgyt çygryny gowy bilmek örän zerurdyr. Salgyt çygrynda bolup geçýän özgertmeleriň ýurdumyzda her bir raýatynyň şahsy eşretlerini almaklary bilen göniden göni baglydygyny hakykatyň hatyrasyna belläp geçmelidiris. Salgyt möçberi olaryň hasaplanyşynyň we tölenilişiniň tertibi, maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň ulanyşynyň ýagdaýy barada bilmek, diňe bir hünärmenlere däl-de, eýsem, her birimiz üçin gyzykly we täsirlidir.

Bazar gatnaşyklarynyň kämil derejesine ýetmek maksady bilen ykdysadyýetde geçirilýän düýpli özgertmeleri ýokary hünärli hünärmentsiz amala aşyrmak mümkin däl. Bazar ykdysadyýetiniň kämil düzümlerini gurmak üçin, çuňňur we köptaraplaýyn bilimli, öz hünäri boýunça ýokary hünärmenlik derejesi bolan we başarjaň işgärler zerurdyr. Işiň inçe we çygry bolup durýan salgytçy diýlip, atlandyrylýan hünärmene has uly talaplar bildirilýär. Işde üstünlik gazmak üçin, salgyt edarasynyň işgäri öz hünärini halamalydyr, ýokary guramaçylyk derejesi we adatdan daşary çözgütleri kabul etmäge ukyply bolmalydyr. Bu çözgütleri tutanýerli we yzygiderli durmuşa ornaşdyrmalydyr. Işleriň salgyt çygry üçin başarjaň we döredijilikli pikirlenmäni başarýan hünärmenleri  taýýarlamakda “Salgytlar we salgyt salmagyň nazaryýeti” dersiniň öwrenilmegine uly ähmiýeti berilýär. Salgyt we salgyt almak ykdysady kategoriýalaryň ykdysady tebigatyny öwrenmek jemgyýetçilik gatnaşyklarynda olaryň tutýan ornuny saýhallamak, salgyt gatnaşyklaryny çäklerini dürs aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Mälim bolşy ýaly, her bir döwletde salgytlaryň kanuna laýyk hereket etmegi döwletiň ykdysady syýasy we durmuş esaslarynyň bitewiliginden, oňa mahsus bolan önümçilik, gatnaşyklaryndan hereket edýän ykdysady kanunlaryndan hem-de döwletiň berkarar bolmagyndan gelip çykýar. Döwletiň merkezi we ýerli guramalary tarapyndan şahsy we edara görnüşli taraplardan merkezi ýa-da ýerli býujetlere ýygnalýan hökmany töleglere salgyt diýilýär. Salgytlaryň durmuş-ykdysady mazmuny olaryň jemgyýetde tutýan orny we zerurlygy döwletiň ykdysady we syýasy gurluşy we çözýän meseleleri bilen şertlendirilýär. Salgyt gatnaşyklary öwrenilende deduksiýa we induksiýa usullary giňden ulanylýar. Mysal üçin “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi kanunynyň 100-nji maddasyna laýyklykda goşulan baha üçin salgydyň degişli döwründäki salgyt özeni şol salgyt döwründe geçirilen salgyt salynýan amallaryň ählisiniň jemi hökmünde kesgitlenilýär. Başgaça aýdanyňda, aýry-aýry salgyt salynýan amallardan umumy salgyt özeni takyklanylýar. Bu induksiýa usulydyr. Şol bir wagtda kärhananyň peýdasyndan peýdadan salnan salgyt, emläk üçin salgyt, ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgyt, Aşgabat şäherini ösdürmek gaznasyna tölenilýän tölegler, Türkmenistanyň oba-hojalygyny ösdürmek gaznasyna tölenilýän tölegler tölenilýär. Başgaça aýdanyňda umumy netijeden hususy netije çykarylýar. Bu deduksiýa usulydyr. Döwlet monopolistik şertlerinde döwletiň ykdysadyýetde tutýan ornunyň ýaýbaňlanmagy we ýygnalýan salgytlaryň möçberiniň artmagy salgytlaryň kadalaşdyryş wezipesini has hem güýçlendirýär.

Häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýetiň salgyt usuly bilen kadalaşdyrylmagy hökmany diýip hasap edýärler we olar kabul edilýän ykdysady maksatnamalaryna laýyklykda hojalygyň ösüşine salgytlaryň üsti bilen maksatly täsir etmäge çalyşýarlar. Şol sebäpli salgytlaryň möçberiniň üýtgedilmegi salgyt ýeňillikleriniň berilmegi salgytlary hasaplamalaryň we tölemegiň täze döwrebap ugurlary giňden ulanylýar. Bu çäreler jemgyýetçilik önümçiligiň gurluşyna we deň ölçegliligine, kapitalyň toplanyşyna, söwda satuw bazarlaryna we önümçiligiň alnyp barlyşyna oňyn täsirini ýetirdi. Salgytlaryň we döwlet çykdaýjylaryň üsti bilen döwlet ilatyň töleýiş ukybynyň düzümine we möçberini sazlaşdyrýar. Önümçilik, paýlaýyş, alyş-çalyş, sarp ediş çygyrlary gurşap alýan köp sanly önümçilik gatnaşyklarynyň arasynda paýlaýyş gatnaşyklary maliýe gatnaşyklaryny takyklaýarlar, olaryň içinde bolsa salgyt gatnaşyklaryny tapawutlandyrýarlar. Önümçilik we oňa golaý arabaglanşykdaky paýlaýyş mehanizminiň kömegi bilen bu prosese gatnaşýan gatnaşyjylar önümçiligiň çygyrlaryna, pudaklara, ykdysady sebitlere bölünýärler we öndürilen önümiň gymmatyna görä dürli durmuş toparlarynyň paýlary kesgitlenilýär. Diýmek jemi öndürilen önüm girdeji paýlanylanda maliýe gatnaşyklary emele gelýärler we hereket edýärler. Netijede, döwlet bilen jemgyýetiň agzalarynyň arasynda salgyt gatnaşyklary ýüze çykýar. Täze döredilen gymmatyň gaýtadan paýlanyşyna gatnaşyp salgytlar önümçiligiň bir bölegi bolup durýarlar. Önümçilik gatnaşyklarynyň aýrybaşgalanan görnüşi bolup hereket etmegi salgytlaryň jemgyýetçilik mazmunynyň üstini açýar.

 

“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi kanuny salgyt hukuk gatnaşyklarynyň ulgamynda geçirilýän üýtgeşmeler salgyt tölegleri ýygnalanda çuňňur hünärmen endikleriniň ulanylmagyny talap edýär, ilkinji nobatda salgyt diýlip atlandyrylýan ykdysady kategoriýanyň giňeldilen üznüksiz önümçilikde nähili orun tutýandygyny we onuň tutýan orny nädip kämilleşdirip boljakdygyny anyklamak zerurdyr. Nazaryýetsiz tejribe işini göz öňüne getirmek mümkin däl. Salgyt mazmunynda hojalygy ýöredýän birlikleriň we raýatlaryň emläklerini ýa-da girdejilerini umumylaşdyrmak boýunça jemgyýetde bolup geçýän aragatnaşyklaryň pelsepe manysy ýatyr. Bu ykdysady kategoriýa raýatlaryň we hojalygy ýöredýän birlikleriň girdejileriniň artykmajyny umumylaşdyrmagyň zerurdygyny hem-de gaýtadan paýlaýyş gatnaşyklarynyň umumy suduryna düşünmäge mümkinçilik berýär. Salgytlar gönüden-göni döwlet çykdajylary bilen baglanşyklydyr. Şol sebäpli salgyt gatnaşyklarynyň seljerme geçirilende döwlet çykdajylarynyň düzümini we olaryň jemgyýetiň isleglerine laýyk gelýändigini öwrenmek möhümdir.

Kerim BABAÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Maliýe kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.