“Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy Ko­re­ýa­da ba­ha­sy 130 mil­lon wo­na deň bo­lan 89 dýuým­lyk te­le­wi­zo­ry­ny sa­tu­wa çy­kar­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu ba­ra­da “IT­Ho­me” por­ta­ly ha­bar ber­ýär.
«MNA89MS1BACXKR» diý­lip at­lan­dy­ry­lan bu te­le­wi­zor, in­no­wa­sion “Micro­LED” teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len ab­zal­laş­dy­ry­lan­dyr. Onuň ek­ra­ny 20 mil­lion­dan gow­rak mik­roy­şyk­ly duý­guç­lar­dan yba­rat bo­lup, “HDR10” we “HDR10+” du­ru­ly­gyn­da gör­kez­mä­ge, şeý­le hem 2000 kd/m2 de­re­je­sin­de ýo­ka­ry ýag­ty­ly­ga eýe­dir.
Tä­ze te­le­wi­zor “Micro AI” pro­ses­so­ry­nyň esa­syn­da iş­le­ýär. Şeý­le hem on­da 100 Wt kuw­wat­ly­ly­gy bo­lan 6.2.2 ka­nal­ly ses ul­ga­my, se­siň we şe­ki­liň saz­laş­dy­ryl­ma­gy üçin “OTS Pro” teh­no­lo­gi­ýa­sy, se­si öz­baş­dak do­lan­dyr­mak üçin “AVA” teh­no­lo­gi­ýa­sy or­naş­dy­ry­lan­dyr.
“Sam­sung Electro­nics Ko­rea” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň wi­se-pre­zi­den­ti Teh­wan Hwan “Micro­LED” gur­luş­ly te­le­wi­zor­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni 76, 101 we 114 dýuým­lyk nus­ga­lar bi­len gi­ňelt­me­gi ni­ýet edin­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­di. Ola­ryň aý­ra­tyn­lyk­la­ry we çyk­jak wag­ty he­niz aýan edil­me­di.