Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy Angliýanyň “AstraZeneca” derman kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýändigini habar berdi. “Samsung”-yň biotehnologiýa kompaniýasy “Samsung Biologics” we “AstraZeneca” bilelikde düwnük keseline garşy derman öndürmegi meýilleşdirýär. Iki kompaniýa şu ýylyň maý aýynda derman önümçiligini ýola goýmak üçin şertnama baglaşypdy. 380 million dollarlyk şertnamanyň çäginde dermanlaryň  işlenip taýýarlanmagy hem bar. Kompaniýa indiki ýyldan başlap, “Covid-19”-yň uzak bejergisinde ulanyljak “AstraZeneca”-nyň AZD7442 dermanyny hem öndürer.