Formula 1 boýunça möwsümiň 3-nji ýaryşy Ýaponiýanyň Suzuka şäherinde geçirilip, “Mercedes” toparynyň italýan piloty Kimi Antonelli ýeňiş gazandy. Şäheriň adybir trassasynda geçirilen ýaryşda Antonelli ilkinji hatardan bat alyp, ol 53 aýlawy 1 sagat 28 minut 03,403 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň bassyr 2-nji ýeňşidir.

Antonelliden 13,722 sekunt yza galan “McLaren” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri 2-nji orny eýeledi. “Ferrari” toparynyň monakoly piloty Şarl Lekler ýeňijiden 15,270 sekunt soň pellehanadan geçip, 3-nji orna mynasyp boldy. Ýeňijiniň britaniýaly topardaşy Jorj Rasselliň 4-nji bolan ýaryşynda Beýik Britaniýanyň beýleki sürüjileri – Lando Norris (“McLaren”) 5-nji, Lýuwis Hamilton (“Ferrari”) 6-njy ýeri eýeledi.

Geçirilen 3-nji ýaryşdan soň Kimi Antonelli utugyny 72-ä çykardy we sanawyň 1-nji basgançagyna beýgeldi. Ol F1-iň taryhyndaky sanawyň iň ýaş lideri hökmünde hasaba alyndy. Antonelliniň topardaşy Rassell 63 utuk bilen 2-nji orunda barýar. Lekleriň 49, Hamiltonyň 41 utugy bolup, “Ferrari” toparynyň wekilleri 3-4-nji orunlary paýlaşýarlar.

Möwsümiň 4-nji ýaryşy 3-nji maýda ABŞ-nyň Maýami şäherinde geçiriler. Bahreýn hem-de Saud Arabystanynda geçirilmeli ýaryşlar sebitde emele gelen ýagdaýlar sebäpli ýatyrylypdy.