24 million ilaty bolan Şanhaý, 816,2 milliard dollar jemi içerki önümi (JIÖ) bilen Nýu-Ýorkdan, Tokiodan we Los-Anjelesden soň dünýäniň iň täsirli bäş megapolisiniň hataryna girýär.
“South China Morning Post” neşiriniň habar bermegine görä, Şanhaýyň häkimi Gun Çjen ýyllyk plenar mejlisde ykdysadyýeti Belgiýanyňky bilen deňleşen (geçen ýyl JIÖ 816,2 milliard ABŞ dollaryna deň boldy) bu megapolisiň ählumumy maliýe, söwda we gämi gatnawy merkezi hökmündäki ornuny ýokarlandyrýandygyny mälim etdi.
Gun Çženiň aýtmagyna görä, hökümet has köp sanly daşary ýurt kompaniýalarynyň öňdebaryjy önümçilige, häzirki zaman hyzmatlaryna, iň täze tehnologiýalara we “ýaşyl” taslamalara maýa goýmagyny höweslendirýär, şol bir wagtyň özünde-de ylmy-barlag we işläp düzme çykdajylary şu ýyl umumy JIÖ-niň 4,6%-ini tutýar.
2026-njy ýylda Şanhaý ýakyndaky bäş ýyly 2035-nji ýyla çenli goýan maksatlaryna, şol sanda “ählumumy täsirli, häzirki zaman sosialistik we halkara megapolisine” öwrülmek ugrundaky ädimlerine ýetmek üçin çözüji döwür hasaplaýar.
Şanhaýyň ösüş we özgertmeler akademiýasynyň habar bermegine görä, 14-nji bäşýyllygyň netijeleri boýunça şäher eýýäm “öňe uly böküş amala aşyrdy” we 2025-nji ýylda ilkinji gezek JIÖ boýunça dünýä şäherleriniň arasynda bäşinji ýeri eýeledi.
Munisipal hökümet ofşor maliýe ulgamyny döretmek mümkinçiligini öwrenýär, ýuan bilen amala aşyrylýan “özüniň we gözegçilik edip bolýan” serhetüsti tölegler ulgamyny işläp düzmegi çaltlandyrýar, şol bir wagtyň özünde içki islegi we tehnologiki innowasiýalary giňeltmek üçin has köp serişde gönükdirýär.
Şanhaýyň maliýe we ösüş institutynyň direktory Şao Ýunyň sözlerine görä, ABŞ bilen bolan söwda bäsleşigine garamazdan, eksportyň güýçli ösmegi, gelýän syýahatçylaryň çykdajylarynyň çalt artmagy we aksiýalar bazary Şanhaýyň 2025-nji ýyldaky “garşydan öwüsýän ýellere garşy durmagynda” esasy hereketlendiriji güýç boldy.
PDF









