21-24-nji maý aralygynda XXI Sankt-Peterburg halkara kitap sergisi geçiriler. Onuň esasy mowzuklary Russiýanyň halklarynyň agzybirligine, Peterburg medeniýetiniň ýylyna we Saltykow-Şedriniň doglan gününiň 200 ýyllygyna bagyşlanar. Bu barada Sankt-Peterburgiň wise-gubernatory Boris Piotrowski telegram kanalyndaky akkaundynda habar berdi.
-Halkara kitap sergisinde we “Kitap seýilgählerinde” Saltykow-Şedriniň döredijiligine bagyşlanan ýörite ekspozisiýalary guramak isleýäris. Şeýle hem, iýul aýynda Merkezi medeniýet we dynç alyş seýilgähinde geçiriljek Köçe teatrlarynyň festiwalynda Saltykow-Şedrine bagyşlanan aýratyn programmamyz bolar – diýip, Piotrowski mundan ozal ýazypdy.
Geçen ýyl geçirilen ýubileý kitap sergisi taryhdaky iň uly çäre boldy. Onuň wakalaryna dört günüň dowamynda 500 müňden gowrak adam gatnaşdy.
Geçen ýyl kitap sergisi Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna ýylyna bagyşlanypdy.