Hytaýda synag maksady bilen mobil enjamlar üçin “sanly ýuan gapjyk” döredildi. Ýurduň merkezi banky sanly pul birligini döretmek we kämilleşdirmek maksady bilen “e-CNY” atly mobil goşundyny döretdi. Sanly pul “iOS” we “Android” amaly ulgamlaryň hytaý nusgasynda peýda boldy. Mobil goşundyda “e-CNY” sanly gapjygynyň käbir edaralarda we banklarda töleg serişdesi hökmünde ulanylyp bilinjekdigi bellenilýär.
Hytaýyň Merkezi bankynyň başlygy Ýi Gan geçen ýylyň noýabrynda sanly ýuanyň häzirki töleg ulgamlary bilen bilelikde işlemegi üçin tagalla edýändiklerini aýdypdy.
Ýazguly Saparow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.