Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri iň ýokary derejede geçirmek boýunça ýurdumyzda degişli işler alnyp barylýar.
Baş Assambleýanyň ýokarda agzalan kararnamasynda beýan edilen durnukly hem-de adalatly dünýäni gurmak işinde halkara bileleşiginiň erk-islegini ösdürmek hem-de muňa iş ýüzünde uzak möhletli itergi bermek maksady bilen, Türkmenistan 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Parahatçylyk we ynanyşmak» atly halkara forumy geçirmek barada karar kabul etdi. Türkmenistan 2025-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek baradaky çözgüde ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze tapgyryna geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar.
Şanly ýylymyzyň 6-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Ýylyň başynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çärelere badalga berilmegi bilen, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy kabul edildi. Oňa laýyklykda, ýylyň dowamynda ýurdumyzda we dünýäde halkara çäreler yzygiderli geçirilýär.
BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly häzirki wagtda dünýäniň gün tertibiniň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmäge itergi berdi. Şeýle hem şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň, dünýä döwletleriniň, halkara we sebitleýin guramalaryň dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmegi babatda oňyn başlangyçlaryny we tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilikleri artdyrdy.
Ýylyň dowamynda geçirilen halkara forumlaryň, ylmy maslahatlaryň, duşuşyklaryň, sergileriň, seminarlaryň, festiwallaryň, bäsleşikleriň, sport çäreleriniň, okuw sapaklarynyň, köptaraplaýyn dialoglaryň, taýýarlanylan teswirleriň, maglumatlaryň we çap edilen neşirleriň ähmiýeti örän uludyr.
Ýeri gelende belläp geçsek, ählumumy maksatlaryň durmuşa geçirilmeginiň hukuk esaslaryny emele getirmekde, döwletleriň arasynda dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde parlament guramalarynyň we milli parlamentleriň işiniň wajyplygyny ýylyň dowamynda geçirilen çäreler hem subut etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna gol çekmegi halkara giňişlikde ýurdumyzyň umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da pugtalandyryp, halkara hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär.
Ýylyň dowamynda geçirilen çärelerde biz halklaryň arasynda özara düşünişmek, hormat goýmak, ynsanperwer kömek, dostluk we hoşniýetlilik köprülerini gurmak işlerinde parlament we halk diplomatiýasyna, haýyr-sahawat gaznalarynyň hyzmatdaşlygyna, medeni alyş-çalyşlara, zenanlaryň, ýaşlaryň, ylym-bilim we sport wekilleriniň gatnaşyklaryna möhüm ornuň degişlidiginiň hem şaýady bolduk.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Şol esasynda hem Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Döwletler bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we beýleki ýurtlaryň içeri işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerinden ugur alyp guraýar.
Bitarap Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy, durmuş-ynsanperwer ugurlarynyň ösüşinde uly üstünlikleri gazanýar. Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynda dünýäniň ýurtlary we halkara guramalary, esasan hem, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary giň gerime eýe bolýar. Dünýä bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşlerine oňaýly täsir edýär.
Selim NURJANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









