29-30-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Ylymlar güni mynasybetli «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde bilimiň, ylmyň we innowasiýa tehnologiýalarynyň orny» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary we mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy institutlarynyň we Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlary, ylmy işgärleri, aspirantlarydyr doktorantlary gatnaşdylar.
Halkara ylmy-amaly maslahatda Russiýa Federasiýasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Beýik Britaniýanyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Bangladeşiň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň 80-den gowragyndan 310-a golaý professor-mugallymlar we alymlar wekilçilik edýän ugurlarynda gazanan üstünlikleri, alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.
Türkmenistanly we daşary ýurtly alymlar, professor-mugallymlar wekilçilik edýän ýokary okuw mekdeplerinde, ylym-bilim merkezlerinde alnyp barylýan ylmy-barlag işler hem-de olaryň önümçilik arabaglanyşygynyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Maslahatyň ikinji gününde halkara ylmy-amaly maslahatyň işi «Biohimiki we nanotehnologiýalary ösdürmegiň hem-de olaryň gazanan üstünliklerini önümçilige ornaşdyrmagyň, daşky gurşawy goramagyň meseleleri. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary», «Matematikada, fizikada we astronomiýada ylmy barlaglar. Sanly bilim, maglumat ulgamy we kompýuter tehnologiýalary, kiber howpsuzlygy hem-de ykdysadyýetiň pudaklaryna emeli aňyň ornaşdyrylmagy», «Ynsanperwer ylymlary: taryh, sosiologiýa, filosofiýa, psihologiýa we pedagogika, hukuk öwreniş ylymlarynyň häzirki zaman ösüşi» hem-de «Filologiýanyň meseleleri: türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň hem-de okatmagyň usullary. Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti» ýaly bölümçelerde dowam eder. Olarda professor-mugallymlar, alymlar, ylmy işgärler, doktorantlardyr aspirantlar ylmy nutuklar bilen çykyşlar ederler we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça pikir alyşdylar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti