Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli ykdysadyýetindäki döwrebap özgertmeler ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz syýasy taýdan kämil, ykdysady taýdan kuwwatly, durmuş taýdan ösen döwletleriň hatarynda dünýäde giňden tanalýar.
Diýarymyzyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösmegi we özgermegi döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda ýerine ýetirilen işleriň netijeli üstünlikleriniň aýdyň beýanydyr. Ähli ulgamlaryň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly-da, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimediýa programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerde elektron kitaphana gory yzygiderli baýlaşdyrylýar, dersler boýunça işlenip taýýarlanan döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar köpeldilýär.
Geçilýän sapaklarda kompýuterlerden peýdalanmagyň aýratyn ähmiýeti bar. Kompýuteriň beýleki tehniki serişdelerden artykmaçlygy – uly göwrümli we dürli görnüşdäki maglumatlary hem-de tekstleri, çyzgylary, ses we şekil ýazgylaryny ýatda saklap, gaýtalap görkezip bilýänligindedir. Kompýuter islendik gerek maglumatlary ýadynda saklap, islendik wagtda okuw maksatlary üçin ulanmaga mümkinçilik berýär. Netijede, wagty tygşytly sarp edip, okuwçylar bilen özbaşdak işlemäge, her bir öwrenilýän zatlaryň täsirliligini artdyrmaga mümkinçilik döredýär.
Döwrebap derejede kämilleşdirilýän we öňdebaryjy tejribeler esasynda okadylýan okuwçylarymyzyň we talyplarymyzyň ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Bu ugurda döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Bahar ROZYMYRADOWA,
Döwletli etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy.
PDF









