Hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň çalt ös­me­gi dur­mu­şy­my­za uly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Dür­li me­se­le­ler­de mag­lu­mat be­rip bil­ýän, so­rag­la­ra jo­gap ber­ýän, hat ýaz­mak ýa-da dil­dä­ki ýal­ňyş­la­ry dü­zet­mek ýa­ly iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýän teh­no­lo­gi­ýa­nyň eme­li aň ul­ga­my bar­ha kä­mil­leş­di­ril­ýär. Ol, il­ki bi­len, uly göw­rüm­li mag­lu­mat­la­ra esas­lan­ýan tekst­le­ri öw­ren­ýär we soň­ra dür­li so­rag­la­ra jo­gap ber­mek bi­len, mag­lu­mat dö­ret­mek we söh­bet­deş­lik alyp bar­mak ýa­ly iş­ler­de giň­den peý­da­la­nyl­ýar.
Eme­li aň ul­ga­my di­ňe bir mag­lu­mat be­ri­ji däl, eý­sem, ada­myň pi­kir­le­ni­şi­ne tä­sir edip, onuň bi­len ýa­kyn söh­bet­deş­lik gu­ra­ma­ga ukyp­ly «akyl­ly» hyz­mat­daş­dyr. Ol dür­li dil­de ara­gat­na­şyk gu­ra­mak we çyl­şy­rym­ly me­se­le­ler­de ýar­dam ber­mek müm­kin­çi­lik­le­ri­ne eýe­dir. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­nyň eme­li aň ul­ga­my ula­ny­jy­la­ra tä­ze pi­kir­le­ri, yl­my ma­ka­la­la­ry, teh­ni­ki dü­şün­di­riş­le­ri, dür­li ma­te­ma­ti­ki ha­sap­la­ma­la­ry we beý­le­ki te­ma­la­ry çalt öz­leş­di­rip, ola­ra tiz wagt­da jo­gap be­rip bil­ýär.
Adam­zat dur­mu­şy­na uly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň müm­kin­çi­lik­le­ri bu­lar bi­len çäk­len­me­ýär. Ola­ry her pu­dak­da gör­mek bol­ýar. Eme­li aň ul­ga­my­nyň adam bi­len gep­le­şip bil­ýän gör­nüş­de iş­le­me­gi, ber­len so­wa­ly öw­re­nip, oňa go­wy dü­şün­mä­ge, tä­sir­li jo­gap ber­mä­ge ça­lyş­ma­gy ula­ny­jy­la­ra onuň bi­len has düş­nük­li ara­gat­na­şyk gu­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu ugur­da ýur­du­myz­da hem de­giş­li iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin ta­gal­la­ edil­ýär.
Ýur­du­my­zyň or­ta we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri hem-de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri komp­ýu­ter­ler bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy we in­ter­net mag­lu­mat to­ru­na bir­leş­di­ril­di. San­ly elekt­ron okuw teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň bi­lim ul­ga­my­na or­naş­dy­ryl­ma­gy onuň has hem kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne ge­tir­di.
San­ly elekt­ron okuw teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň, tä­ze okuw en­jam­la­ry­nyň we okat­ma­gyň usul­la­ry­nyň bi­lim ul­ga­my­na or­naş­dy­ryl­ma­gy uly öz­gert­me­le­re ge­tir­di. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň oku­wyň ne­ti­je­li­li­gi­ne ed­ýän tä­si­ri köp­ta­rap­ly bo­lup, teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň üns­li öw­re­nil­me­gi­ni şert­len­dir­ýär. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar okuw döw­rün­de ýaş­la­ryň üns­li çe­me­leş­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Bu teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň kö­me­gi bi­len ýaş­lar öz gy­zyk­lan­ýan mag­lu­mat­la­ry­ny öw­ren­ýär­ler hem-de bi­lim­le­ri­ni çuň­laş­dyr­ýar­lar.
San­ly elekt­ron okuw teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny bi­lim ul­ga­my­na üs­tün­lik­li or­naş­dyr­mak mu­gal­lym­lar­dan ba­şar­ny­gy ta­lap ed­ýär. Şeý­le teh­no­lo­gi­ýa­la­ry okuw me­ýil­na­ma­la­ry­na dog­ry bir­leş­dir­mek mö­hüm­dir. Olar oku­wyň gu­ra­ly­şy­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge uly müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek we bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len mu­gal­lym­la­ryň komp­ýu­ter, mag­lu­mat, san­ly elekt­ron okuw teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan go­wy baş çy­ka­ryp, bi­lim ber­me­gi ze­rur­dyr. Ýaş­lar san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry kä­mil de­re­je­de ula­nyp, öz ba­şar­nyk­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­ýar­lar.
San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň in­no­wa­si­ýa­la­ra, yk­dy­sa­dy ösü­şe iter­gi be­ri­ji güý­ji hök­mün­dä­ki or­nu­ny bar­ha pug­ta­lan­dyr­ma­gy, «san­ly» önüm­çi­li­ge ge­çil­me­gi tä­ze pu­dak­la­ry eme­le ge­tir­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­tiniň «Türk­me­nis­tan­da 2019 – 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­na tä­ze in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, şol san­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, elekt­ron res­mi­na­ma­lar do­la­ny­şy­gy­na hem-de elekt­ron şah­sy­ýet­na­ma­lar ul­ga­my­na geç­mek, bäs­deş­li­ge ukyp­ly san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti, saz­la­şyk­ly iş­le­ýän elekt­ron se­na­ga­ty dö­ret­mek we beý­le­ki we­zi­pe­ler göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň karz eda­ra­la­ryn­da hem ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we hä­zir­ki za­man prog­ram­ma üp­jün­çi­lik­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, bank hyz­mat­la­ry­nyň ba­za­ryn­da amal­la­ryň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek we döw­rüň ta­la­by­na gö­rä müş­de­ri­le­riň ös­ýän is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak bo­ýun­ça hyz­mat et­me­giň döw­re­bap usul­la­ry­ny hem-de in­no­wa­si­on öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça tap­gyr­la­ýyn esas­da de­giş­li iş­ler üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar.
Ýur­du­myz­da san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­ýän we türk­men hal­ky­nyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Aman­gel­di GUR­BA­NOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň kafedra müdiri.