Sanly ykdysadyýeti ösdürmek we emeli aň tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzda sanlylaşdyrma we tehnologiýa innowasiýalaryna aýratyn üns berilýär. Şu maksatlardan ugur alyp, döwlet Baştutanymyz tarapyndan 2026–2028-nji ýyllar üçin «Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy, şeýle-de onuň çäklerinde degişli döwlet maksatnamasy we hereket meýilnamasy kabul edildi. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetini ösdürmek, onuň halkara derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak we döwrebap tehnologiýalaryň giň gerimli ornaşdyrylmagyny üpjün etmekdir. Bu ugurda sanly infrastruktura ulgamlaryny ösdürmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, elektron hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we olaryň hümmetini ýokarlandyrmak, jemgyýetçilik hyzmatlarynda sanly çözgütleri ulanmak we administratiw prosesleri döwrebaplaşdyrmak, sanly bilim we hünär taýýarlyklaryny güýçlendirmek, ýokary tehnologiýalar boýunça hünärmenleri taýýarlamak, telekeçilik subýektleriniň sanlylaşdyrylmagyna we sanly bazarlara çykmagyna goldaw bermek, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek, maýa goýumlary çekmek we halkara tehnologiýa hyzmatlaryny ösdürmek ýaly ugurlarda döwrebap işleri durmuşa geçirmek maksat edinilýär.
Konsepsiýanyň çäklerinde emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwlet dolandyryşy we senagat pudagy, bilim, saglygy goraýyş we maliýe ulgamlary üçin emeli aň boýunça häzirki zaman çözgütleri ulanylýar. Şeýle strategiýa ýurduň sanly ykdysadyýetde netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga ýardam eder. Şeýle hem emeli aňy ulanmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de tehnologik innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly milli standartlarydyr hukuk kadalaryny ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde emeli aň tehnologiýalary sanly ykdysadyýetiň ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Emeli aň dolandyryş, önümçilik, bilim, saglygy goraýyş we hyzmatlar ulgamynda netijeliligi düýpgöter ýokarlandyrýar. Bu strategiýa innowasion çözgütleri işjeň ulanmagy, maglumatlary dolandyrmagyň täze usullaryny ornaşdyrmagy hem-de ýokary tehnologiýalar boýunça hünärmenleri taýýarlamagy göz öňünde tutýar.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda we Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tehnologiýa we innowasion taslamalary boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa sanly bazarlara çykmaga mümkinçilik döredýär, halkara tejribelerini özleşdirmäge ýardam berýär we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam edýär.
Umuman, ýurdumyzda 2026 – 2028-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň we degişli döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýeti bilen integrasiýasyny güýçlendirmek, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagyna gönükdirilen gurluşly syýasaty amala aşyrmak we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda möhüm ädimdir. Şeýle strategiýalar döwrüň tehnologiýa taýdan öňdebaryjy tejribelerini ulanmak arkaly durnukly ykdysady ösüşe ýardam eder we ösüşiň täze ugurlaryny açar.
Dünýägözel KERTIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň inžener mehanika fakultetiniň fizika kafedrasynyň mugallymy.
PDF









