2025-nji ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň umu­my yk­rar edi­len ýö­rel­ge­le­ri bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýan­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär. Ýur­du­myz Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­me­gi ga­zan­mak­da, şol san­da Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yna­nyş­ma­gyň we hyz­mat­daş­ly­gyň zo­la­gy bol­ma­gyn­da oňyn baş­lan­gyç­la­ry­ny iş­jeň öňe sür­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy se­riş­de­le­riň howp­suz üs­ta­şyr ge­çel­ge­ler ar­ka­ly hal­ka­ra ba­zar­lar­da el­ýe­ter­li bol­ma­gy­ny ga­zan­mak, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar üçin amat­ly we kö­pu­gur­ly ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da­ky ama­la aşyr­ýan be­ýik iş­le­ri häzirki wagtda özü­niň oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Türk­me­nis­tan dur­muş-yk­dy­sa­dy ugur­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da Gün ter­ti­bi­niň üs­tün­de iş­le­me­gi do­wam et­dir­ýän Türk­me­nis­tan ga­ryp­ly­gy ýok et­mä­ge, äh­lu­mu­my ener­gi­ýa, ulag bag­la­ny­şy­gy­ny ber­kit­mä­ge, bü­tin­dün­ýä ara­gat­na­şyk-teh­ni­ki se­riş­de­le­ri­niň, eme­li aň ul­gam­la­ry­nyň de­ňag­ram­ly ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len anyk iş­le­ri amal et­me­gi mak­sat edin­ýär. Bu ugur­da Türk­me­nis­tan Ýa­pyk aý­la­ny­şyk­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te (Sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýe­te) geç­mek bo­ýun­ça äh­lu­mu­my Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­ny iş­läp düz­mä­ge, şeý­le hem BMG-niň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş me­se­le­le­ri bo­ýun­ça de­par­ta­men­ti­niň, se­bit­le­ýin yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­la­ry­nyň bä­şi­si bi­len hyz­mat­daş­lyk­da BMG-niň 2026 – 2035-nji ýyl­lar döw­rün­de «Dur­nuk­ly ula­gyň on­ýyl­ly­gy­ny» dur­mu­şa ge­çir­mek üçin He­re­ket­le­riň me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy­nyň iş­le­ni­lip dü­zül­me­gi­ni hö­dür­le­mä­ge taý­ýar­lyk gör­ýär.
Ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gin­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­par­la­ra hem-de du­şu­şyk­la­ra aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­hat­la­ra gat­na­şyp, öňe sür­ýän tek­lip­le­ri sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga ýur­du­my­zyň taý­ýar­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Bu bol­sa umu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bit­le­ri­ne ky­bap gel­ýär.
Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly he­mi­şe­lik Bitaraplygymyzyň yk­rar edil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän­di­gi hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­na 80 ýy­lyň dol­ýan­ly­gy ba­bat­da has uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şu şan­ly se­ne­ler my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da iri hal­ka­ra çä­re­le­riň bir­nä­çe­si­ni ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­dy. Eý­ýäm ola­ryň bir­nä­çe­si üs­tün­lik­li ge­çi­ri­lip, se­bit we umu­ma­dam­zat bäh­bit­li mak­sat­la­ry ama­la aşyr­mak­da anyk ädim­ler ädil­di. Mu­ňa my­sal hök­mün­de di­ňe mart aýy­nyň do­wa­myn­da paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 17 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li giň ge­rim­li ser­gi­niň ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy­ny, «Türk­me­nis­ta­nyň gel­je­gi­ne ma­ýa go­ýum­lar» at­ly hal­ka­ra fo­ru­myň, şeý­le hem «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly: dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de se­bi­ta­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň or­ny» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­tyň, Ma­laý­zi­ýa­nyň Kua­la-Lum­pur şä­he­rin­dä­ki hal­ka­ra göç­me mas­la­ha­tyň, Ar­ka­dag şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça mi­nistr­ler de­re­je­sin­dä­ki bi­rin­ji fo­ru­my­nyň, «Hal­ka­ra söw­da we hyz­mat­lar» at­ly ser­gi-ýar­mar­ka­sy­nyň hem-de «Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk gel­ýän hil üp­jün­çi­li­gi» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi­ni gör­kez­mek bo­lar. Bu çä­re­le­re goň­şy döw­let­ler­den we yk­ly­myň beý­le­ki ýurt­la­ryn­dan, hal­ka­ra gu­ra­ma­lar­dan hem-de ma­li­ýe dü­züm­le­rin­den köp san­ly we­ki­li­ýet­ gat­naş­dy.
Ýa­kyn­da bol­sa paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da hal­ka­ra sport ýa­ry­şy ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Ýew­ro­pa we Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň 13-sin­den tür­gen­le­riň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len spor­tuň mil­li we gu­şak­ly alyş gö­re­şi bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş mil­li spor­tu­my­zyň no­bat­da­ky üs­tün­li­gi bi­len ta­mam­lan­dy. Bu ýa­ryş geçen ýy­lyň ma­ý aýyn­da GDA-nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de Aş­ga­ba­dyň «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri» diý­lip yg­lan edil­me­gi­ne ba­gyş­la­nan çä­re­le­riň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­di. Şeý­le­lik­de, il­deş­le­ri­miz hal­ka­ra ýa­ry­şyň iki gör­nü­şi­nden 12 al­tyn, 10 kü­müş we 6 bü­rünç – je­mi 28 me­dal ga­zan­dy­lar we Türk­me­nis­ta­nyň spor­tuň hem-de ru­hu­be­lent­li­giň ýur­du­dy­gy­ny ýe­ne bir ge­zek gör­kez­di­ler.

Rus­lan Ho­ji­ýew,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.