Hä­zir­ki za­man dün­ýä­si san­ly mag­lu­mat­lar döw­rü­ne do­ly ga­dam goý­dy. Adam­za­dyň äh­li dur­muş-yk­dy­sa­dy iş­jeň­li­gi – yk­dy­sa­dy­ýet, ylym, bi­lim, sag­lyk, ulag-ara­gat­na­şyk we hat-da gün­de­lik dur­muş san­ly ul­gam­lar bi­len berk bag­la­nyş­dy.
San­ly­laş­dyr­ma we eme­li aň (Ar­ti­ficial In­tel­li­gence – AI) hä­zir­ki za­man ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­ni tä­ze bas­gan­çak­la­ra çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

San­ly­laş­dyr­ma dü­şün­je­si we onuň äh­mi­ýe­ti
San­ly­laş­dyr­ma mag­lu­mat­la­ry, hyz­mat­la­ry we iş pro­ses­le­ri­ni san­ly gör­nü­şe ge­çir­mek ar­ka­ly ne­ti­je­li­li­gi art­dyr­mak, wag­ty we se­riş­de­le­ri tyg­şyt­la­mak, şeý­le hem ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry üp­jün et­mek­dir. Ol di­ňe teh­no­lo­gi­ýa däl-de, eý­sem, yk­dy­sa­dy, jem­gy­ýet­çi­lik we do­lan­dy­ryş ugur­la­ryn­da giň ge­rim­li üýt­geş­me­le­riň baş­lan­ma­gy­na se­bäp bol­ýar.
Dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýet döw­let ösü­şi­niň mö­hüm bö­le­gi hök­mün­de ka­bul edil­ýär. Türk­me­nis­tan hem bu ugur­da hal­ka­ra tej­ri­bä esas­la­nyp, mil­li san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň ýo­lun­da mö­hüm ädim­le­ri äd­ýär.

Eme­li aň dü­şün­je­si
Eme­li aň (AI) komp­ýu­ter­le­riň we mag­lu­mat ul­gam­la­ry­nyň adam aky­ly­na meň­zeş pi­kir­len­mek, öw­ren­mek we çöz­güt tap­mak uky­by­ny eme­le ge­tir­ýän teh­no­lo­gi­ýa­dyr. Eme­li aň mag­lu­mat­la­ry sel­jer­ýär, ne­ti­je­le­ri de­ňeş­dir­ýär we öz tej­ri­be­si­ne gö­rä ka­rar ka­bul ed­ýär. Bu teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň esa­syn­da, hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de in­tel­lek­tu­al prog­ram­ma­la­ry, aw­to­mat­laş­dy­ry­lan önüm­çi­lik ul­gam­la­ry­ny, elekt­ron mas­la­hat be­riş hyz­mat­la­ry­ny hem-de akyl­ly şä­her­le­ri (smart city) dö­ret­mek üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar.

San­ly­laş­dyr­ma bi­len eme­li aňyň bag­la­ny­şy­gy
San­ly­laş­dyr­ma bi­len eme­li aň bi­ri-bi­ri bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. San­ly­laş­dyr­ma mag­lu­mat­la­ry elektron gör­nüş­de top­la­mak we sak­la­mak üçin müm­kin­çi­lik dö­red­ýär, eme­li aň bol­sa şol mag­lu­mat­la­ry sel­je­rip, tä­ze ne­ti­je­le­ri ýü­ze çy­kar­ma­ga kö­mek ed­ýär.
My­sal üçin: Sag­ly­gy go­ra­ýyş­da: eme­li aň luk­man­çy­lyk mag­lu­mat­la­ry­ny der­ňäp, nä­sag­la­ra ta­kyk ke­sel kes­git­le­me­si­ni goý­mak­da ula­nyl­ýar. Bi­lim ul­ga­myn­da: san­ly plat­for­ma­lar ar­ka­ly şah­sy­laş­dy­ry­lan okuw ul­gam­la­ry dö­re­dil­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýet­de: eme­li aň ba­zar sel­jer­me­le­ri­ni aw­to­mat­laş­dyr­ýar, ka­rar­la­ryň çalt we ta­kyk ka­bul edil­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Döw­let hyz­mat­la­ryn­da: san­ly mag­lu­mat­la­ryň esa­syn­da eme­li aň ra­ýat­la­ra hyz­mat­la­ry aw­to­mat­laş­dy­ryp ber­ýär (me­se­lem, elekt­ron res­mi­na­ma­la­ry taý­ýar­la­mak, mag­lu­mat­la­ry tas­syk­la­mak we ş.m.).

Eme­li aňyň peý­da­sy
1. Ne­ti­je­li­li­gi art­dyr­ýar: eme­li aň ada­myň ýe­ri­ne gaý­ta­lan­ýan iş­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni aw­to­mat­laş­dyr­ýar.
2. Tiz we ta­kyk sel­jer­me: uly mag­lu­mat top­lum­la­ry (Big Da­ta) gys­ga wagt­da sel­je­ril­ýär.
3. In­no­wa­si­ýa­la­ryň ös­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär: tä­ze hyz­mat gör­nüş­le­ri, akyl­ly en­jam­la­ry we prog­ram­ma­la­ry dö­red­ýär.
San­ly­laş­dyr­ma we eme­li aň hä­zir­ki za­man jem­gy­ýe­ti­niň ösü­şi­niň esa­sy sü­tün­le­ri­dir. Bu iki ugur bi­le­lik­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar, döw­let do­lan­dy­ry­şy­nyň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Babageldi AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.