12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Döwrebap serhet birikmesiniň täze binalar toplumy dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, naharhanadan, 300 orunlyk medeniýet öýünden, esgerler ýatakhanasyndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, sport we sagaldyş toplumyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, gulluk, durmuş maksatly binalardan ybarat bolup, olarda serhetçiler üçin amatly mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr.
Ili bilen, döwlet Baştutanymyz birikmäniň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Harby gullukçy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny wideogözegçilik enjamlary arkaly Döwlet serhediniň goragyna gözegçilik edilişi bilen tanyşdyrdy.
Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň, bu ýerde döredilen şertleriň ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Binanyň döwrebap tehnologiýalar, iň täze enjamlar hem-de programmalar bilen üpjün edilmegi Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygynyň, onuň ähli düzümlerine sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Döwrebap enjamlardyr aragatnaşyk serişdeleri Watanymyzyň serhetlerinde gije-gündiziň dowamynda gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi döwlet serhedinde ýagdaýy berk gözegçilikde saklamaga, onuň ygtybarly goragyny üpjün etmäge ýardam berýär.
Harby gullukçy döredilen ajaýyp şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Watan goragçylarynyň ýurdumyza mundan beýläk-de ak ýürekden, wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdy. Hormatly Prezidentimiz harby gullukça jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize serhetçileriň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz esgerler ýatakhanasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.
Serhetçiler üçin niýetlenen ýatakhananyň binalar toplumy döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Onda serhetçileriň göwnejaý dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýokary derejeli söweşjeň aýratynlyklary bolan, harby düzümleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen hem tanyşdy.
Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde harby we hukuk goraýjy edaralary döwrebap tehnikalardyr enjamlar bilen üpjün etmegiň hasabyna Milli goşunymyzyň kuwwaty pugtalandyrylýar. Döwlet Baştutanymyz harby tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de yzygiderli berkidiljekdigini aýdyp, harby gullukçylaryň, söweşjeň tehnikalara erk edýän ýaş esgerleriň, serkerdeleriň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Şeýle hem bu ýerde harby gullukçylar üçin niýetlenen dürli harby lybaslar görkezildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz harby lybaslaryň ýylyň dürli pasyllaryna laýyklykda taýýarlanylmalydygyny, harby gullukçylaryň azyk üpjünçiliginiň ýokary derejede bolmalydygyny nygtap, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň çägindäki harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň çäginde jemi 144 hojalyga niýetlenen 4 sany, 36 öýli döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, dükan, oýun we sport meýdançasy göz öňünde tutulypdyr. Harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmekleri, döwrebap ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi hemişe üns merkezinde saklanýar.
Toplumyň çäklerinde gündelik zerur bolan harytlaryň giň görnüşlerini hödürleýän söwda nokady, lukmançylyk merkezi hem hereket edýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.