2025-nji ýy­lyň 8-nji okt­ýab­ryn­da hor­mat­ly Prezidentimiz «Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2026-2052-nji ýyl­lar üçin Stra­te­gi­ýa­sy we şu Stra­te­gi­ýa­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky» Ka­ra­ra gol çek­di. Bu ta­ry­hy Ka­rar­da türk­men hal­ky­nyň mil­li me­de­ni mi­ra­sy­ny, mad­dy we mad­dy däl dö­re­di­ji­lik gym­mat­lyk­la­ryň ga­dy­my nus­ga­la­ry­ny we ugur­la­ry­ny dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýaý­ma­gy iş­jeň­leş­dir­me­giň ýö­rel­ge­le­ri giň­den bel­le­nil­di. Mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz­da adam­za­dyň wa­tan­çy­lyk, ah­lak ta­lap­la­ry­ny we bäh­bit­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len, dur­muş-me­de­ni, ta­ry­hy, ar­heo­lo­gik, bi­na­gär­çi­lik taý­dan gym­mat­lyk bo­lup dur­ýan, türk­men hal­ky­nyň mil­li-me­de­ni öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny sak­la­mak we ös­dür­mek üçin äh­mi­ýe­tli bo­lan mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň, çe­per­çi­lik sun­gat baý­lyk­la­ry­nyň ýüz­ler­çe­si bar. Şo­la­ryň bi­ri hem Şa­se­nem ga­la­sy­dyr. Köp­burç­luk gör­nü­şin­de bi­na edi­len ga­la Ru­hu­be­lent et­ra­by­nyň mer­ke­zin­den 25 ki­lo­metr gü­nor­ta-gün­do­gar­da, Tü­nü­der­ýa ge­ňeş­li­gi­niň çä­gin­de ýer­leş­ýär. Ga­la­nyň umu­my meý­da­ny 33 gek­ta­ra ba­ra­bar bo­lup, ony Ibn al-Esir, Ýa­kut Ha­ma­wy ýa­ly or­ta asyr alym­la­ry öz­le­ri­niň ýaz­gy­la­ryn­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň Kö­ne­ür­genç men­zi­li­niň soň­ky no­ka­dy­ Suw­bu­run hökmünde görkezip­dir­ler. Geç­miş­de ga­la­nyň tö­we­re­gin­den ge­çen der­ýa­nyň kö­ne aky­my­nyň yz­la­ry­ sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Bu gün­ki ga­la­nyň di­war­la­ry­nyň uzyn­ly­gy 1,5 ki­lo­met­re, be­ýik­li­gi 9 met­re ýet­ýän gör­nü­şin­de sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Ga­la­nyň me­de­ni gat­lak­la­ry­nyň il­kin­ji dö­wür­le­ri Kang­ýuý, Ku­şan­lar dö­wür­le­ri bi­len se­ne­len­ýär. Ga­la­da dür­li ýyl­lar­da S.P.Tols­tow, H.Ýu­su­bow, A.Ýaz­ber­di­ýew, B.A.Ry­ba­ko­wa, M.Dur­dy­ýew, S.Ata­ny­ýa­zow, A.A.Ha­ki­mow, M.Mäm­me­dow, O.Ber­di­ýew, S.B.Bo­le­low, M.A.Iti­na ýa­ly alym­lar ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni ge­çi­rip­dir­ler. Ga­la­da 4 sa­ny top­lu­myň hü­när­ment­çi­lik, su­wa­ryş des­ga­la­ry­nyň, bag­la­ryň, ga­dy­my eke­ran­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­niň ga­lyn­dy­la­ry­nyň yz­la­ry aý­dyň sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Ga­la­nyň gur­lu­şy­gyn­da 5 dür­li ker­piç önüm­le­ri ula­ny­lyp­dyr. 1952-nji ýyl­da S.P.Tols­to­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky yl­my eks­pe­di­si­ýa­ ga­la­ny il­kin­ji ge­zek düýp­li öw­re­nip­dir. Şa­se­nem ga­la­sy b.e. öň­ki III asyr­dan bi­ziň eýýa­mymy­zyň XIV asy­ry­na çen­li ara­lyk­da has-da şöh­rat­la­nyp­dyr. Asyr­la­ryň köp san­ly sy­nag­la­ry­ny baş­dan ge­çi­ren Şa­se­nem ga­la­sy se­bit­de bur­ran gy­lyç­la­ry ýa­sa­mak, göw­rüm, wagt, agyr­lyk, uzyn­lyk öl­çeg­le­ri­niň çar­wa ha­sap­la­ry, ata­beg­ler mek­de­bi­niň ter­bi­ýe­si, aş­ha­na es­bap­la­ry­ny, ga­myş­dan ýü­wüş ga­lam­la­ry­ny, gal­bir, gal­kan, saz gu­ral­la­ry­ny, dür­li ulu­lyk­da­ky tam­dyr­la­ry, ojak­la­ry, boý­ra (ösüm­lik­ler­den dü­şek ör­mek), uru­la­ry, san­dyk­la­ry, dür­li sü­ýüm­ler­den işi­lip edil­ýän ur­gan­la­ry ýa­sa­mak, gel­le­ban (dür­li mal­la­ryň sü­rü­le­ri­ni ga­ryp bak­mak bi­len bag­ly ço­pan­çy­lyk hü­nä­ri), bur­gun­la­ry bö­wet­le­mek, sar­wan­çy­lyk, mer­gen­lik amal­la­ry­nyň, bag­ban­çy­lyk, guş­la­ry aw­çy­lyk mak­sat­la­ry üçin el­de­ki­leş­dir­mek, zer­gär­çi­lik, seç­gi­çi­lik, te­bip­çi­lik, go­şu­ny we­zi­pe bir­lik­le­rin­de do­lan­dyr­mak se­ne­di bo­ýun­ça önüm­çi­li­giň ýü­ze çy­kan, ha­ryt­la­ryň alys­la­ra ug­ra­dy­lan mer­kez­le­riň bi­ri ha­sap edi­lip­dir.
Bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal Şa­se­nem düz­lü­gin­de ýer se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak, ýo­ka­ry ha­syl al­mak bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, ýer go­ru­nyň möç­ber­le­ri­ni gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, tä­ze ilat­ly no­kat­lar, daý­han bir­le­şik­le­ri we ge­ňeş­lik­ler dö­re­dil­di.
2017-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň or­ta asyr ar­heo­lo­gi­ýa we ar­hi­tek­tu­ra ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň elekt­ron kar­ta­sy tas­syk­lan­dy. On­da iň äh­mi­ýet­li, ta­ry­hy mi­ras­la­ryň sa­na­wyn­da aý­ra­tyn gym­mat­ly mil­li ha­zy­na­la­ryň naý­ba­şy­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de Şa­se­nem ga­la­sy hem orun al­ýar.

Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.