Saud Arabystany Türkiýede umumy kuwwatlylygy 2000 MWt bolan iki sany Gün elektrik bekediniň gurluşygyna maýa goýýar diýip, “newarab.com” portaly habar berdi.
Saud kompaniýalary birinji tapgyrda Siwas we Karaman welaýatlarynda kuwwatlylygy 2 müň MWt bolan Gün elektrik beketlerini gurarlar. Netijede, Gün we ýel elektrik beketleriniň umumy kuwwatlylygy 5 müň MWt-a deň bolar.
Türkiýäniň Energetika ministrliginiň habaryna görä, taslama göni maýa goýumlaryň we halkara maliýe edaralarynyň karzlarynyň hasabyna amala aşyrylar. Gün elektrik beketleri 2,1 million öýi elektrik arassa energiýasy bilen üpjün eder.
Gün elektrik beketleriniň gurluşygy baradaky ylalaşyga Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň 2023-nji ýylyň awgustynda sapary wagty Er-Riýadda gol çekilipdi.