Saud Arabystanynyň häkimiýetleri ýerli ilata degişli bolan düýelere pasport berip başladylar. Bu barada Patyşalygyň Daşky gurşaw, suw serişdeleri we oba hojalygy ministrligi X jemgyýetçilik ulgamynda habar berdi.
«Hormatly ministriň orunbasary maldarçylyk pudagynyň iş netijeliligini ýokarlandyrmak we düýeler barada maglumatlar binýadyny döretmek maksady bilen, düýe pasportyny tanyşdyrdy» diýlip, ministrligiň habarynda aýdylýar.
Düýe pasporty haýwan barada jikme-jik maglumatlary, şol sanda onuň tohumyny we eýesi baradaky maglumatlary öz içine alýan resmi resminama bolar. Sanjymlar baradaky giňişleýin maglumatlar resminamanyň möhüm aýratynlygy bolar, bu bolsa her bir düýäniň saglyk taryhyny takyklamaga we mallaryň arasynda ýokanç keselleriň ýaýramagyna gözegçiligi ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berer.
Ministrlik düýeler üçin şeýle resminamalaşdyrmagyň eýelik hukugyny tassyklamagy aňsatlaşdyrjakdygyny we fermerler üçin tohumçylyk işlerini has netijeli etjekdigini nygtaýar.
Saud Arabystanynda düýeler diňe bir mal däl, eýsem milli medeniýetiň we ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegidir. “Düýe pasportlarynyň” girizilmegi, esasan hem, gymmat bahaly çapyşyk düýeleriniň we owadanlyk bäsleşiklerine gatnaşýan jandarlaryň hasabyny ýöretmekde uly öňegidişlikdir.
PDF









