2-nji oktýabrda Er-Riýadda 2025-nji ýylyň halkara kitap ýarmarkasy açylyp, oňa 25-den gowrak ýurtdan 2 müňden gowrak ýerli we halkara neşirýatçy, şeýle hem birnäçe medeniýet institutlary gatnaşdy.
“Er-Riýad okaýar” şygary bilen geçirilýän ýarmarka 10 gün dowam eder. Bu çäre Saud Arabystanynyň Edebiýat, neşir işleri we terjime komissiýasy tarapyndan gurnaldy. Ýarmarkada seminarlar, leksiýalar, şygrýet agşamlary we tanymal ýazyjylaryň gatnaşmagynda 200-den gowrak medeni çäreler geçiriler.
Komissiýanyň başlygy Abdullatif Al-Waseliň sözlerine görä, ýarmarka sebit we dünýä derejesinde medeni liderligini güýçlendirmek üçin Patyşalygyň strategiýasyna laýyk gelýär.
Ol medeniýeti jemgyýetiň habardarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen ulanmagyň möhümdigini we “Saud Arabystanynyň görşi – 2030” maksatnamasyna laýyklykda, ykdysady ösüşi höweslendirýändigini belläp geçdi.