Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salman adyndaky köpugurly stadionyň gurluşygynyň täze suratlary çap edildi. Bu desga 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär.
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň adyny göterýän stadion, Kiddiýadaky dynç alyş zolagynda ýerleşýär we ol süýşürilýän üçek hem-de meýdança bilen enjamlaşdyrylar.
Stadionyň bir tarapy äpet süýşürilýän LED-diwardan ybarat bolup, ol göni ýaýlymdaky çäreleri, filmleri we lazer şoularyny görkezmek üçin ulanylar. Ol açylanda meýdançanyň töweregindäki münberlere we stadionyň ýerleşýän ýeri bolan 200 metrlik Tuwaýk gaýasyna görniş açýar. Bu desga süýşürilýän üçegiň, meýdançanyň we LED-diwaryň birleşdirilen dünýädäki ilkinji doly integrirlenen toplumy bolar — bu arhitektura täzeligi deňi-taýy bolmadyk köpugurlylygy üpjün edýär we meýdançany bary-ýogy birnäçe sagadyň içinde dürli formatdaky çäreler üçin üýtgetmäge mümkinçilik berýär.
Sanly ekranlar gaýanyň içinden basgançakly bloklar bolup ösüp çykýan ýaly görünýän geometrik binanyň daşky ýüzüni örter.
Stadionyň töwereginde sport we dynç alyş meýdançalary bolan diňler gurlar. Olar öz gezeginde içki köçeler arkaly birleşdiriler we bu köçeler hem LED-ekranlar bilen örtülip, gelýänleri gaýanyň gyrasyndaky syn ediş meýdançalaryna alyp gider.
Stadion Saud Arabystanynyň FIFA-2034 dünýä çempionatyny geçirmek baradaky arzasynyň bir bölegidir: “Populous” arhitektura býurosy FIFA-nyň talaplaryna laýyklykda, 45 müň orunlyk arenany taslady. Ol Saud Arabystanynyň professional ligasynyň “Al-Hilal” we “Al-Nassr” futbol klublarynyň öý meýdançasy bolar, emma şonuň bilen birlikde boks, kiber-sport, konsertler we teatr oýunlary ýaly sport, dynç alyş we medeni çäreleriň giň toplumyny hem kabul eder.
Gurluşyk Er-Riýadyň günbatarynda alnyp barylýar we Kiddiýa Saud Arabystanynda syýahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen 14 sany äpet taslamanyň biridir. Toplum dolulygyyna Jemgyýetçilik maýa goýum gaznasyna degişlidir.