Koreýa Respublikasynda Prezident saýlawlarynyň öň ýanyndaky kampaniýa dowam edýär. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw topary mälim etdi. 15-nji fewraldan 6-njy mart aralygynda syýasy partiýalar we bellige alnan dalaşgärler maksatnamalary bilen jemgyýetçilik ýerlerinde çykyş edýärler. Dalaşgärleriň gazetlerde we telewideniýede mahabat ýerleşdirmegi, radioda we teleýaýlymda çykyş etmekleri, saýlawlardan öňki mahabatlaryny internetdäki habar beriş serişdeleriniň saýtlarynda ýerleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredildi.
Merkezi saýlaw toparynyň habaryna görä, saýlawlara gatnaşmak üçin jemi 14 dalaşgär hasaba alyndy. Kanuna laýyklykda, saýlaw býulleteninde dalaşgäriň belligi, hödürleýän partiýanyň Milli mejlisdäki orunlarynyň sanyna laýyklykda bellenilýär.
Parlamentdäki orunlaryň köpüsini eýeleýän dolandyryjy «Toburo» demokratik partiýasynyň dalaşgäri Li Çže Mýon birinji belgini eýeleýär. Ondan soňra esasy «Halkyň güýji» partiýasyndan Ýun Sok Ýol, «Adalat» partiýasyndan Sim San-Çžun we «Halk» partiýasyndan An Çhol Su gelýär. Milli mejlisde orunlary bolmadyk partiýalardan dalaşgärlere partiýanyň adynyň elipbiý tertibinde belgi berilýär.
Iň soňky jemgyýetçilik pikir soralyşygyna görä, Ýun Suk Ýol esasy bäsdeşi Li Çže Mýondan biraz öňe saýlanýar. Dalaşgärleriň arasyndaky goldawyň tapawudy, ortaça, 3%-den 5%-e çenli bolup, pikir soralyşyga gatnaşanlaryň 40%-i olara ses bermäge taýyn. Üçünji orny pikir soralyşyga gatnaşanlaryň, takmynan, 8%-i tarapyndan goldanylýan An Çhol Su eýeleýär.
Koreýa Respublikasynda Prezident saýlawlary 9-njy martda geçirilýär. Häzirki döwlet Baştutany Mun Çže In ýurtda hereket edýän kanunlara görä, saýlawlara gatnaşyp bilmeýär.