Braziliýanyň öňki Prezidenti Luis Inasio Lula da Silwa we häzirki döwlet Baştutany Žair Bolsonaro 30-njy oktýabrda geçiriljek Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryna gatnaşarlar. Muny 2-nji oktýabrda geçirilen saýlawlaryň birinji tapgyryndan soň ýurduň Ýokary saýlaw kazyýetiniň web sahypasynda mälim edilen elektron saýlaw gutularynyň býulletenleriniň 97,45%-iniň sanalmagy hem subut edýär.

2003-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli Günorta Amerika Respublikasyna ýolbaşçylyk eden Braziliýanyň öňki Prezidenti Lula da Silwa 47,95% ses aldy. Oňa 55 milliondan gowrak adam goldaw berdi. Bolsonaro 43,62% ses aldy, oňa 50 milliondan gowrak adam ses berdi. Maglumatlara görä, hasaba alnan 156 milliondan gowrak saýlawçynyň 32 milliona golaýy ses bermäge gatnaşmady.

Şeýlelikde, Lula da Silwa we Bolsonaro 30-njy oktýabrda geçiriljek Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryna çykdylar. 2-nji oktýabrda Braziliýanyň raýatlary Ýurduň Prezidentiniň, ştat häkimleriniň, senatorlaryň üçden biriniň, federal parlamentiň we sebit kanun çykaryjylarynyň saýlawlaryna gatnaşdylar. Saýlawlaryň ikinji tapgyr, dalaşgärleriň hiç birisi 50%-den köp ses almasa, 30-njy oktýabrda geçiriler.