Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Du­şen­be şä­he­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň bä­şin­ji Kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy­nyň çäk­le­rin­de birnäçe çä­re­le­r geçiril­di.

14-15-nji sent­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ser­dar Berdimuhamedow Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň bä­şin­ji Kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy­na we Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­da iş sa­pa­ryn­da bol­ýar.
Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de Du­şen­be­de Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we­ki­li­ýet­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da bir­nä­çe çä­re­ler ge­çi­ril­di we res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ne gol çe­kil­di.
Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň bä­şin­ji Kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy­nyň Gün ter­ti­bin­de se­bit­de köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy has-da gi­ňelt­mek, şol san­da sy­ýa­sy gep­le­şik­le­ri ös­dür­mek, söw­da, ma­ýa go­ýum, ulag, ener­ge­ti­ka ugur­la­ryn­da bi­le­lik­dä­ki mak­sat­na­ma­la­ry we tas­la­ma­la­ry öňe sür­mek, oba ho­ja­ly­gy we eko­lo­gi­ýa, me­de­ni we yn­san­per­wer alyş-çal­şy­gy güýç­len­dir­mek, şeý­le hem hä­zir­ki za­man howp­suz­lyk me­se­le­le­ri­ne we we­him­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mek ýa­ly bir­nä­çe mow­zuk­lar mas­la­hat­la­şyl­dy. Şeý­le-de, fo­ru­myň çäk­le­rin­de önüm ön­dü­ri­ji­le­riň ser­gi­si, sun­gat eser­le­ri­niň gör­ke­zi­li­şi we beý­le­ki me­de­ni çä­re­ler ge­çi­ril­di.
Bir­le­şi­giň dö­re­dil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­rilýän Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ýu­bi­leý du­şu­şy­gyn­da suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak we re­je­li peý­da­lan­mak ba­ba­tyn­da se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­na garamak, şeý­le hem gaz­na­nyň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek ýaly meseleler bar.
Mer­ke­zi Azi­ýa: Azi­ýa­nyň mer­ke­zi se­bi­ti. Gün­ba­tar­da Ha­zar deň­zin­den gün­do­gar­da gün­ba­tar Hy­ta­ýyň ser­het­le­ri­ne çen­li uza­ýar. De­mir­ga­zyk­da Rus­si­ýa bi­len, gü­nor­ta­da Eý­ran, Ow­ga­nys­tan we Hy­taý bi­len ser­het­leş­ýär. Mer­ke­zi Azi­ýa Ga­za­gys­ta­ny, Gyr­gy­zys­ta­ny, Öz­be­gis­ta­ny, Türk­me­nis­ta­ny we Tä­ji­gis­ta­ny öz içi­ne al­ýar.
Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baştutanlarynyň bi­rin­ji Kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy 2018-nji ýy­lyň mar­tyn­da Ga­za­gys­ta­nyň As­ta­na şä­he­rin­de, ikin­ji du­şu­şy­gy 2019-njy ýy­lyň no­ýab­ryn­da Öz­be­gis­ta­nyň Daş­kent şä­he­rin­de, üçün­ji du­şu­şy­gy 2021-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da Türk­me­nis­tan­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da, dör­dün­ji du­şu­şy­gy bol­sa ge­çen ýy­lyň iýu­lyn­da Gyr­gy­zys­ta­nyň Çol­pon-Ata şä­he­rin­de ge­çi­ril­di.

Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ge­ňe­şi­niň mej­li­si
13-nji sent­ýabr­da Du­şen­be şä­he­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ge­ňe­şi­niň mej­li­si ge­çi­ril­di. On­da Du­şen­be şä­he­rin­de me­ýil­leş­di­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň no­bat­da­ky Kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy­nyň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň ýurt­la­ry dur­nuk­ly dur­muş-yk­dy­sa­dy hem-de eko­lo­gi­ýa taý­dan ösü­şi gol­da­ma­ga, in­no­wa­si­ýa hä­si­ýet­li se­na­ga­tyň we ösen ulag dü­zü­mi­niň ke­ma­la gel­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len düýp­li we giň möç­ber­li çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler.
Mej­li­se gat­na­şy­jy­lar bu­lar ba­ra­da du­rup geç­mek bi­len, Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň öza­ra du­şu­şyk­la­ry­nyň bu ugur­da bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry öňe iler­let­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bellediler we no­bat­da­ky Kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gyň anyk ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­k­da äh­mi­ýet­li bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di­ler.

Ulag mi­nistr­le­ri ulag we lo­gis­ti­ka pu­da­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni mas­la­hat­laş­dy­lar
Şol gün Du­şen­be şä­he­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy­nyň çä­gin­de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň ulag mi­nistr­le­ri­niň il­kin­ji du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­ga Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ta­rap­lar ulag we lo­gis­ti­ka pu­da­gy bo­ýun­ça se­bit müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has-da ös­dür­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di­ler.
Fo­rum­da ulag pu­da­gy­nyň ösü­şiň esa­sy gör­ke­zi­ji­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň amat­ly ge­og­ra­fi­ki ýer­le­şi­şin­den we müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyp, mil­li ösü­şi üp­jün et­mek üçin ze­rur geo­sy­ýa­sy we geoyk­dy­sa­dy bäh­bit­le­ri öňe sür­ýän­di­gi bel­le­nil­di.
Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar se­bit­dä­ki ýurt­la­ryň bi­ri-bi­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy ba­ra­da umu­my pi­ki­ri aýt­dy­lar hem-de hä­zir­ki döw­rüň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na we ta­lap­la­ry­na jo­gap edip, mu­nuň üçin bar bo­lan uly müm­kin­çi­lik­le­ri ula­nyp, bu ugur­da­ky gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn çuň­laş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di­ler.
Ulag­la­ryň öza­ra bag­la­ny­şy­gy­ny ber­kit­mekde plat­for­ma bol­mak üçin dö­re­di­len köp­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyň ne­ti­je­sin­de Bi­le­lik­dä­ki Be­ýa­nat ka­bul edil­di hem-de «Mer­ke­zi Azi­ýa­da gu­ry ýer ulag­la­ry­nyň öza­ra bag­la­ny­şy­gy­ny güýç­len­dir­mek ba­ra­da» Yla­la­şyk tas­la­ma­sy tas­syk­lan­dy.

Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry­nyň fo­ru­my
Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry­nyň ikin­ji fo­ru­my hem döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­däki Kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy­nyň çäk­le­rin­dä­ki ugur­daş çä­re­le­riň ha­ta­ryn­da my­na­syp or­na eýe bol­dy. Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar öň­de dur­ýan me­se­le­ler bo­ýun­ça pi­kir al­şyp, şo­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­la­ry beý­le­ki pu­dak­lar bi­len bir­lik­de, ylym-bi­lim ul­ga­myn­da hem bar­ha ös­dür­mä­ge we gi­ňelt­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.
Şun­da Türk­me­nis­tan­da ýo­ka­ry bi­lim ul­ga­my­nyň işi ba­ra­da dur­lup ge­çi­lip, ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nda ylym we önüm­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dyrylýandygyna hem-de ýo­ka­ry de­re­je­li iş­gär­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ne üns çe­kil­di. Şo­ňa gö­rä-de, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň oňat müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ne uly ynam bil­di­ril­di.

Türk­men tür­gen­le­ri hal­ka­ra ýa­ryş­da 4 me­da­la my­na­syp bol­du­lar
Du­şen­be şä­he­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy­nyň çäk­le­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň tür­gen­le­ri­niň ara­syn­da suw­da ýüz­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy­na ba­dal­ga be­ril­di. Hal­ka­ra ýa­ry­şyn­da ýur­du­my­zyň Suw­da­ky sport gör­nüş­le­ri­niň fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň tür­ge­ni O.Nu­ra­ýe­wa 50 metr brass usu­lyn­da ýüz­mek­de 3-nji or­ny, Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 74-nji or­ta mek­de­biň okuw­çy­sy W.Mi­rens­ka­ýa 50 metr bat­terf­laý usul­da ýüz­mek­de 3-nji or­ny, Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by G. Hom­ma­dow 200 metr ar­kan­ly­gy­na ýüz­mek­de 3-nji or­ny eýe­le­di.
Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Suw­da­ky sport gör­nüş­le­ri­niň fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň tür­ge­ni O. Nu­ra­ýe­wa we Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 74-nji or­ta mek­de­biň okuw­çy­sy W. Mi­rens­ka­ýa es­ta­fe­ta gör­nü­şin­de 4×100 met­re er­kin usul­da ýüz­mek­de gyz­la­ryň ara­syn­da 2-nji or­ny eýe­le­di­. Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri bu hal­ka­ra ýa­ry­şyn­da 1 kü­müş, 3 bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar.