16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Sammitde Türkmenistana 2026-njy ýylda täze – «Merkezi Aziýa we Azerbaýjan» formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy ynanyldy.
Şeýle-de sammitde haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, suw hojalygy, energetika ulgamlarynda tagallalary utgaşdyrmak, şol sanda serhetüsti suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, bitewi energetika ulgamyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Bu duşuşyklar ilkinji gezek 2018-nji ýylda geçirilip başlandy. Sebit ýurtlarynyň – Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlary ýokary derejede duşuşmak arkaly umumy sebit meseleleri boýunça pikir alyşmagy, syýasy ynanyşmagy berkitmegi, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi, howpsuzlyk we ekologiýa gatnaşyklary güýçlendirmegi maksat edinýärler.
Konsultatiw görnüşiň aýratynlygy onuň resmi däl we açyk dialog esasynda geçirilmegidir. Bu ýagdaý sebitde täze başlangyçlaryň öňe sürülmegine we sebitiň geljegine degişli möhüm çözgütleriň çalt kabul edilmegine mümkinçilik berýär.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy yzygiderli artýar. Ulag-kommunikasiýa ulgamlarydyr logistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ýurtlaryň üstaşyr mümkinçiliklerini giňeldýär. Konsultatiw duşuşyklarda täze demir ýollaryň, awtomobil ýollarynyň we multimodal ugurlaryň döredilmegi baradaky meseleler, sebitdäki döwletleriň arasynda elektrik energiýasynyň alyş-çalşygyny giňeltmek, gaz we nebit geçirijilerini ösdürmek hem-de täze energetika taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşylýar. Araly gorap saklamak boýunça bilelikdäki taslamalar, suw serişdelerini oňyn we adalatly paýlamak meseleleri aýratyn üns merkezinde durýar. Merkezi Aziýa gatnaşygynda Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen açyk hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagy möhüm ugur hökmünde öňe sürýär.
Konsultatiw duşuşyklaryň her biri boýunça döwlet Baştutanlary bilelikdäki beýannama kabul edýärler. Şeýle hem dürli derejede işçi toparlar döredilip, sebitleýin ösüş üçin netijeli taslamalar durmuşa geçirilýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy häzirki wagtda sebit hyzmatdaşlygyny sazlaşdyrýan ýokary derejeli nusgalyk meýdança öwrüldi. Ol ýurtlary birleşdirýän umumy maksatlaryň, taryhy we medeni taýdan ýakynlygyň nyşany bolup, sebitiň durnukly ösüşine täze şertler döredýär.
Güýçli syýasy dialog we bilelikdäki başlangyçlar ulgamynda bu duşuşyklar geljekde hem Merkezi Aziýanyň parahatçylykly, durnukly ösdürilýän sebit hökmünde dünýäde tanalmagyna uly goşant goşar.
Türkmenistan halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, bu dialogda umumy meseleleriň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.
Konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyçlary hemişe toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň howpsuzlygyny we durnukly ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlyk formatynda eýeleýän netijeli ornuny tassyklaýar.
Sahypjemal NEPESOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistranty.
PDF









