Fransiýada 27-nji iýunda sebitler we departamentler geňeşlerine saýlawlar tamamlandy. Bu 2022-nji ýylyň ýazynda we tomsunda geçiriljek Prezident we Parlament saýlawlaryndan öň, iň soňky ses berlişikdir. Aşa sagçy Marine Le Peniň «Milli bileleşik» partiýasy öz taryhynda ilkinji gezek iň bolmanda bir sebitde hem ses gazanyp bilmedi. Prezident Emmanuel Makronyň «Öňe, respublikan!» partiýasy hem sebitleriň hiç birinde öňe saýlanyp bilmedi. Umuman aýdanyňda, metropolyň 13 sebitiniň hemmesinde ikinji tapgyryň netijelerinden soň «status-kvo», ýagny, öňki ýagdaý saklanyp, häzirki geňeşleriň baştutanlary, ozalky syýasy güýçleriň wekilleri – sagçy respublikaçylar we çepçi sosialistler ýeňiş gazandylar. Olary saýlawçylaryň köp bölegi goldady.
Ses berişligiň birinji we ikinji tapgyry juda az gatnaşyk bilen 20-nji we 27-nji iýunda geçirildi. Sebit geňeşleri alty ýyl möhlet bilen saýlanýar we bilim, ekologiýa, şeýle hem, ulag ugurlarynda giň ygtyýarlyklara eýedir. Saýlawlar ilkibaşda ýazda geçirilmelidi, ýöne dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli tomusa süýşürildi.