Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklary täze hil derejesine çykarmak, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen döredilen konsultatiw duşuşyklar sebit diplomatiýasynyň iň täsirli gurallarynyň birine öwrüldi. Bu format bäş sany doganlyk döwletiň – Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda bitewi bir meýdançada jemlenmegini üpjün edýär.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň sany barha köpelýär. Bu hyzmatdaşlyk meýdançasyna Azerbaýjan Respublikasynyň hem doly hukukly goşulmagy sebit hyzmatdaşlygynyň täze nusgasyny emele getirdi.
Konsultatiw duşuşyklaryň baş maksady sebitde «özara ynam» we «goňşuçylyk» ýörelgelerini berkitmekdir. Bu duşuşyklar sebit ýurtlarynyň ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga giň mümkinçilikler döredýär.
2026-njy ýylda ýurdumyz bu konsultatiw duşuşyga başlyklyk eder. Bu barada degişli çözgüt geçen ýyl Özbegistanda geçirilen duşuşykda kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň şol duşuşykda belläp geçişi ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmek bilen, biziň agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitiň daşarky maýa goýumlar we energetika, ulag, kommunikasiýa hem-de beýleki ulgamlarda iri halkara taslamalary üçin özüneçekijiligini artdyrmak üçin ähli tagallalary eder.
Şunuň bilen baglylykda, bu konsultatiw duşuşyklary sebitara söwda dolanyşygyny artdyrmak, gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we bilelikde iri senagat taslamalaryny durmuşa geçirmek, «Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar-Günbatar» ugurlary boýunça täze ulag geçelgelerini döretmek arkaly Merkezi Aziýany dünýä ykdysadyýetiniň möhüm merkezine öwürmek, suw-energetika serişdelerini netijeli ulanmak we Aral deňzi ýaly ekologik meselelerde bir bitewi garaýyşlary arkaly çykyş etmek bilen möhüm ähmiýete eýedir.
Ýurdumyz bu formatyň çäklerinde işjeň we oňyn bitaraplyk syýasatyny ýöredýär. Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlary, esasan hem, energetika howpsuzlygy, ekologik diplomatiýa we Hazar deňzi bilen gatnaşygy berkitmek meseleleri sebit ösüşiniň binýadyny düzýär. 2021-nji ýylda Awazada geçirilen sammit hem sebit ýurtlarynyň diňe bir syýasy däl, eýsem, ykdysady taýdan hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny dünýä jemgyýetçiligine görkezdi.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary sebitiň «öz ykbalyny özi kesgitlemäge» ukyplydygynyň subutnamasydyr. Bu duşuşyklar arkaly Merkezi Aziýa global meselelerde bitewi ses bolup çykyş edýär, bu bolsa halkara giňişliginde sebitiň abraýyny has-da ýokarlandyrýar.
Hydyr ABAKOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň medeniýet we metbugat bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
PDF









