Portugaliýanyň Sosialistik partiýasynyň öňki baş sekretary Antoniu Žoze Seguru Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda öňde barýar. Bu barada TASS agentligi ýurduň içeri dolandyryş ministrliginiň sesleriň 70%-den gowragy sanalandan soňra alan deslapky maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Sosialistik partiýanyň öňki baş sekretaryna saýlawçylaryň, 63%-i ses berdi. Onuň bäsdeşi, aşa sagçy “Besdir!” (“Chega!”) partiýasynyň lideri Andre Wentura bolsa, 36% ses aldy.
63 ýaşly Seguru köp ýyllyk tejribesi bolan syýasatçydyr, emma ol soňky ýyllarda mugallymçylyk işi bilen meşgullanypdy. Ol 1962-nji ýylda Ispaniýa serhedine golaý bolan Penamakor ilatly nokatda dünýä indi we halkara gatnaşyklary ugrundan bilim aldy. Ýaşlygyndan syýasy durmuşa işjeň gatnaşyp, elmydama Sosialistik partiýa bilen aragatnaşykda boldy. Seguru häzirki wagtda BMG-niň Baş sekretary bolan Antoniu Guterrişiň müdirliginiň düzüminde işledi we Ýewropa Parlamentiniň deputaty hökmünde işlemek mümkinçiligine eýe boldy. Ol 2011-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli Sosialistik partiýanyň baş sekretary boldy. Seguru bu wezipeden partiýa içindäki saýlawlardan soň gitdi. Şol saýlawlarda Lissabon şäheriniň şol wagtky häkimi, soňra Portugaliýanyň Premýer-ministri, ondan soň bolsa Ýewropa Geňeşiniň başlygy bolan Antoniu Koşta ýeňiş gazanypdy.
PDF









