17-nji sentýabrda Senegalyň täze bellenen Premýer-ministri Amadou Ba 38 adamlyk hökümet toparyny döretdi. Bu barada ministr Abdu Latif Koulibaly mälim etdi.
Öňki hökümet 33 ministrden we dört deputatdan ybaratdy.
A. Ba şenbe güni Prezidentiň karary bilen hökümet başlygy wezipesine bellendi. Bu wezipe 2019-njy ýylda ýatyryldy we geçen ýyl gaýtadan dikeldildi. Täze Premýer-ministr 61 ýaşynda, ozal ykdysadyýet we maliýe ministri we daşary işler ministri bolup işledi.