Şu ýyl serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň doglan gününiň 250 ýyllygynyň bellenilip geçilýär. Şahyryň doglan güni bilen baglanyşykly tutumly dabaralaryň biri ýaňy-ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bu ýokary okuw mekdebiň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň, şeýle hem döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň gatnaşmaklarynda geçirildi. «Serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň şahyrana dünýäsi» ady bilen geçirilen bu edebi-döredijilik duşuşygy «Şahyrana nesil» edebi döredijilik gurnagynyň agzalarynyň – talyp ýaşlaryň serkerde şahyra bagyşlap ýazan goşgulary bilen başlady.
Ýaş zehinleriň nusgawy şahyryň watançylyk, gahrymançylyk, yşky-liriki goşgularynyň äheňi bilen döreden şygyrlary dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Soňra Seýitnazar Seýdiniň ömrüni we döredijiligini öwrenen alymlaryň çuňňur mazmunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Edebi-döredijilik duşuşygynyň dowamynda şahyryň Garabekewül şäheriniň çägindäki Soltanýaz begiň galasynyň ýanynda ýerleşýän ýadygärligine, şahyryň at dabyradyp gezen ýerlerine bu institutyň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň, şeýle hem ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmaklarynda edilen gezelenç barada düşürilen wideoşekiller görkezildi. Örän täsirli geçen çäräniň yzy talyp ýaşlaryň taýýarlan «Seýitnazar Seýdiniň ýaşan zamanasy» atly edebi-sazly kompozisiýasy bilen utgaşdy. Şahyryň adyny göterýän bu ýokary okuw mekdebinde serkerde şahyryň ömrüni we döredijiligini ylmy taýdan öwrenmek boýunça ylmy-gözleg işleriniň alnyp barylýandygyny belläp geçmek möhümdir. Bu babatda şahyryň göwün beren ýary Hatyjanyň döreden «Şirmaýynama» dessany, onuň Seýitnazar Seýdiniň ýaşan çylşyrymly döwri bilen baglanyşygy baradaky anyk maglumatlara salgylanan ylmy garaýyşlaryň ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda çap edilendigini aýtmak bolar.
Edebi-döredijilik duşuşygynyň ahyrynda bu baýry ýokary okuw mekdebiň zehinli ýaşlary tarapyndan nusgawy şahyryň goşgularynyň uly joşgun bilen okalmagy şöhratly taryhymyza, beýik şahsyýetlerimize goýýan belent sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylýan alkyş sözleri bilen utgaşdy.