26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Seul şäherindäki «Grand Hyatt» myhmanhanasynda dabaraly kabul edişlik geçirildi.
Resmi kabul edişlige Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň, ýurduň Milli Assambleýasynyň, Daşary işler ministrliginiň we beýleki ministrlikleriniň, döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, daşary ýurtlaryň Seulda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyp ýaşlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaraly çärä Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan hormatly myhman hökmünde bu ýurduň Daşary işler ministriniň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça orunbasary we metbugat sekretary jenap Li Çže Un gatnaşdy.
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew öz çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwletimizde amala aşyrylan taryhy özgertmeler, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, ynsanperwer we beýleki ileri tutulýan ulgamlarynda ýetilen belent sepgitler, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, dünýäde parahatçylyk, dostluk hem-de hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen beýik başlangyçlar barada aýtdy.
Şeýle hem, çykyşyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň 86 döwletiň dörediji bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul edilendigi barada aýdylyp, onuň Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan tassyklanmasy hökmünde garamak bolýandygy barada Ilçi durup geçdi.
Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça orunbasary we metbugat sekretary jenap Li Je Çže Unuň, öz gezeginde, özara düşünişmek, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-koreý gatnaşyklarynyň häzirki wagtda iki döwletiň Baştutanlarynyň tagallalary bilen ýokary derejä çykýandygyny aýratyn tassyklady. Muny 2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň arasynda geçirilen telefon arkaly gepleşigiň we onuň dowamynda garalan meseleleriň resmi delillendirýändigi barada belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklere eýe bolup durýandygy tassyklandy.
Dabaraly kabul edişligiň çäklerinde ýurdumyzyň dürli pudaklaryna bagyşlanan milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Çäräniň dowamynda myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlendi.