Ispaniýanyň “Sewilýa” topary nemes kluby “Augsburgdan” şweýsariýaly goragçy Ruben Wargasy transfer etdi. Bu transfer üçin 2,5 million ýewro we goşmaçalar tölemeli bolan “Sewilýa” 26 ýaşyndaky winger bilen 2029-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama gol çekişdi. Wargas “Augsburgda” 5,5 möwsüm çykyş edip, 161 oýunda 22 gol geçirdi.