Mukaddes Garașsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyñ ähli ýerlerinde dabaralar, aýdym-sazly dușușyklar, maslahatlar, sergiler geçirilýär.
Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň biri bolan «Baýram han» seýilgähinde «Garașsyzlyk – köňülleriň guwanjy» atly göçme kitap sergisi we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäre Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi tarapyndan bilelikde guraldy.
Onda çykyş edenler bedew bady bilen ösüşlerden ösüşlere barýan Watanymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyñ 30 ýyllygynyñ giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan ösüşler barada gürrüň berdiler.
Guralan göçme kitap sergisi bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi.