ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň (USGS) 2025-nji ýyl üçin taýýarlan hasabatyna görä, Hytaýyň seýrek duş gelýän elementleriniň mukdary, takmynan, 44 million tonna deňdir. Ondan ep-esli yzda, takmynan, 21 million tonna bilen Braziliýa gelýär. Hindistan, Awstraliýa we Russiýa bolsa has az, ýöne strategik taýdan möhüm gorlara eýedirler.
Seýrek duş gelýän elementler – bu 17 sany mineraldan ybarat bolan topar bolup, olaryň arasyna neodim, disproziý we terbiý ýaly minerallar girýär. Olar ýokary netijeli magnitleriň, ýel turbinalarynyň, elektromobilleriň we döwrebap elektronikanyň esasy komponentleridir.
USGS-iň maglumatlaryna görä, bu resurslara bolan dünýä islegi çalt depginler bilen artýar – munuň esasy sebäbi bolsa “ýaşyl” energetikanyň we goranyş tehnologiýalarynyň ösmegidir, bu bolsa durnukly üpjünçilik zynjyrlarynyň strategik ähmiýetini has-da güýçlendirýär.
Şunlukda, Hytaýyň agdyklyk etmegi diňe gorlar bilen çäklenmeýär. Bu ýurt şeýle hem seýrek duş gelýän elementleriň dünýädäki gazylyp alnyşynyň we gaýtadan işlenilmeginiň esasy bölegine gözegçilik edýär, bu bolsa oňa bu materiallaryň bahasyna we elýeterliligine güýçli täsir etmäge mümkinçilik berýär.
Şu nukdaýnazardan, birnäçe ýurt alternatiw üpjünçiler hökmünde öz ornuny tapmaga çalyşýar. Şeýlelikde, USGS-iň bahalandyrmalaryna görä: Hindistanda, takmynan, 6,9 million tonna; Awstraliýada takmynan, 5,7 million tonna; Russiýada we Wýetnamda bolsa, her birinde 3-4 million tonna töweregi gor jemlenendir.
ABŞ, takmynan, 1,9 million tonna bolan has pesräk gorlara eýe bolmak bilen, importdan garaşlylygy azaltmak üçin öz hususy gazyp alşyny we gaýtadan işleýiş pudagyny ösdürmäge işjeň maýa goýýar.
Soňky ýyllarda Grenlandiýa hem ünsi çekýär, ol ýerde, takmynan, 1,5 million tonna gor bar diýlip çaklanylýar, emma olary özleşdirmek syýasy we ekologiki çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Afrikanyň Tanzaniýa we Günorta Afrika Respublikasy ýaly ýurtlarynda hem möhüm magdan känleri bar. Bu bolsa Afrika kontinentiniň dünýäniň minerallar bazaryndaky ähmiýetiniň barha artýandygyny görkezýär. Muňa garamazdan, resurslaryň – aýratyn-da olary gaýtadan işleýiş kuwwatlyklarynyň ýokary derejede jemlenmegi Günbatar ýurtlarynda alada döredýär.
USGS-iň belleýşi ýaly, üpjünçilikdäki islendik bökdençlikler – geosyýasy dartgynlylyk, eksport çäklendirmeleri ýa-da ekologiki talaplar sebäpli bolsun, gaýtadan dikeldilýän energetikadan başlap, goranyş senagatyna çenli tutuş pudaklara çynlakaý täsir edip biler.
PDF








