Saud Arabystanyndaky gaýly howa ýerli ýaşaýjylary we Patyşalyga gelen myhmanlar üçin täze bir garaşylmadyk waka boldy. Ýurduň birnäçe sebitine gar ýagdy.
Tabuk we Hail daglyk ýerlerinde, esasan hem, Jabal al-Lawz dagynyň golaýyndaky giň meýdanlar gara bürendi. Ýerli ýaşaýjylar we sebite gelen myhmanlar bu seýrek mümkinçilikden peýdalanyp, lyža sürdüler we garyň üstünde gezelenç etdiler.
Saud Arabystanynyň Milli meteorologiýa merkezi mundan ozal sebitde güýçli harasat sebäpli temperaturanyň çalt pese gaçmagy we gar ýagmagynyň mümkindigi barada duýduryş berdi.
16-njy dekabrdan bäri dowam edýän ygally howa we sürçek sebäpli Er-Riýadyň ähli mekdepleri uzak aralykdan okuwa geçdiler. Raýat Goranyşynyň Baş müdirligi ilaty seresap bolmaga we jülgelere syýahat etmekden gaça durmaga çagyrdy. Şeýle-de bolsa, köp ýaşaýjylar howa anomaliýasyny şatlyk bilen garşyladylar.
Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, ýurduň demirgazyk sebitlerinde gar ýagmagy dowam edip biler.
PDF









