30-njy oktýabrda Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, amerikan lideri Donald Tramp bilen Pusan şäherinde (Koreýa Respublikasy) duşuşar. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
“Duşuşygyň dowamynda taraplar hytaý-amerikan gatnaşyklary we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler barada pikir alşarlar” diýlip, beýanatda mälim edilýär.
“Bu duşuşykda iki ýurduň döwlet Baştutanlary Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar we özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleler bilen baglanyşykly strategiki we uzak möhletli meseleler boýunça pikir alşarlar” diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Go Szýakun metbugat üçin beýanatda aýtdy.
Ol Pekiniň bu duşuşygyň oňyn netijelerini üpjün etmek maksady bilen hytaý-amerikan gatnaşyklarynyň durnukly ösmegine täze itergi bermek üçin Waşington bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny hem belledi.
PDF









