Ýyl­gy­ryş ada­myň iç­ki gö­zel­li­gi­ni açyp gör­kez­ýän aý­na­dyr. Ýyl­gyr­mak bi­len adam özü­niň bagt­ly dur­mu­şa bo­lan hö­we­si­ni we hy­ju­wy­ny art­dyr­ýar. Eý­sem, bi­zi ýyl­gyrdýan zat­lar nä­me?!

Dün­ýä­niň bi­ler­men­le­ri bir­nä­çe adam­da ýyl­gy­ry­şyň dö­re­me­gi­niň se­bäp­le­ri­ni anyk­la­mak üçin tej­ri­be ge­çir­di­ler. Ola­ra komp­ýu­ter­ ar­ka­ly bir­nä­çe so­rag­lar be­ril­di. So­rag­la­ra ýal­ňyş jo­gap be­ren gat­na­şy­jy­la­ryň ýüz he­re­ke­tin­de iç­gys­gynç­lyk, la­py­keç­lik we ga­har­jaň­lyk ala­mat­la­ry du­ýul­dy. Ha­çan­da so­rag­la­ra dog­ry jo­gap be­ren­le­rin­de ola­ryň ýü­zün­de ýyl­gy­ryş peý­da bol­dy. Ýag­ny olar ki­çi­jik üs­tün­li­gi­ni ýyl­gy­ryş bi­len gar­şy al­dy­lar. Tej­ri­bä­niň ne­ti­je­sin­de, ýyl­gyr­mak­ly­gyň di­ňe bir bagt­ly bol­mak bi­len bag­ly bol­man, eý­sem, bi­rek-bi­rek bi­len ho­şa­maý gat­na­şyk­da we iş­dä­ki şow­lu­lyk­lar­da dö­re­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy.
Dür­li se­bäp­le­re gö­rä, köp­lenç ýyl­gyr­ma­gy ýat­dan çy­kar­ýa­rys. As­lyn­da ça­ga­lar gün­de 400 ge­zek, ulu­lar bol­sa gün­de or­ta­ça 40 ge­zek ýyl­gyr­ýar­lar. Şo­nuň üçin ça­ga­la­ryň tö­we­re­gin­de özü­mi­zi has bagt­ly duý­ýa­rys, se­bä­bi olar ulu­la­ra gö­rä has köp ýyl­gyr­ýar­lar.
Gün­de­lik ýyl­gy­ryş ýa­kyn­la­ry­myz üçin iň go­wy sow­gat­dyr. Biz ýyl­gyr­mak ar­ka­ly daş-tö­we­re­gi­miz­dä­ki­le­ri hem be­gen­dir­ýä­ris. Bi­rek-bi­re­gi ys­nyş­dyr­ýan we öza­ra yna­my güýç­len­dir­ýän ýyl­gy­ryş köp­lenç ka­na­gat­ly­ly­gyň hem-de ho­şal­ly­gyň ala­ma­ty hök­mün­de ýü­ze çyk­ýar.
Ýyl­gyr­mak sag­lyk üçin hem peý­da­ly bo­lup, gan ba­sy­şy­ny ka­da­laş­dyr­ýar, be­de­ni ra­hat­lan­dyr­ýar. Beý­ni­dä­ki ýa­daw­ly­gy aý­ryp, özü­mi­zi has go­wy duý­ma­ga kö­mek ed­ýär. Ýyl­gy­ry­lan­da sus­su­pes­lik de­re­je­si pe­se­lip, bagt gar­mon­la­ry has-da kö­pel­ýär.