“Canalys” maglumat beriş kompaniýasynyň maglumatyna görä, Hindistan aprel-iýun aýlary aralygynda ABŞ-na iň köp smartfon eksport eden ýurt boldy. Mundan ozal ABŞ-na smartfon eksport edýän ýurtlaryň arasynda Hytaý öňdeligi eýeleýärdi. Hindistanyň öňe geçmeginde “Apple”-iň “iPhone” önümçiligini Hindistana göçürmeginiň täsiriniň bardygy bellenildi. Ýurtda öndürilýän enjamlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden üç esseden gowrak artypdyr. Degişli döwürde ABŞ-nyň import edýän smartfonlarynyň 44 göterimi Hindistana degişli boldy. Esasan, “Samsung” smartfonlaryny öndürýän Wýetnam 30 göterim bilen ikinji boldy. Hytaýyň paýy bolsa 25 göterim bolupdyr. Bu görkeziji geçen ýyl 60 göterim eken. “Apple” soňky ýyllarda önümçiligini Hindistana we Wýetnama göçürýär.
“Apple” öz ýurdunda has köp iş orny döretjekdigini we geljek 4 ýylyň dowamynda 500 milliard dollar maýa goýum goýjakdygyny wada berendigine garamazdan, “iPhone” smartfonlarynyň köpüsini Hytaýda öndürmegini dowam etdirýär. ABŞ-da bolsa, smartfon önümçiligi ýola goýulmady.