Şweýsariýanyň Brok şäherinde “Maison Cailler” şokolad fabrigini giňeltmek maksady bilen bu ýerde şokolada bagyşlanan syýahatçylyk desgasyny döretmek meýilleşdirilýär. Ägirt uly taslama täze desgalaryň gurluşygyny göz öňünde tutmak bilen toplumyň çägini ýokary derejede giňeltmäge uly mümkinçilik döreder. 1898-nji ýylda gurlan taryhy binalary dikeldiş işlerinden soň ilkinji gezek myhmanlar üçin bu fabrik gapysyny giňden açýar we bu ýerde birnäçe sergiler gurnalar. Toplumda kakao agaçlaryny saklaýan ýyladyşhanalar bolup, bu ýere gelýän myhmanlar şokolad öndürmek üçin ulanylýan çig malyň ösüş prosesini görip bilerler. Iň esasy özüne çekiji desgalaryň biri hem “uçýan” teatr hasaplanyp, ol ýurduň üstünden hyýaly syýahat edýän attraksion bolar. Mundan başga-da “Emporium” zolagynda dükanlary, asma ýoly, goşmaça myhmanhanalary açmak meýilleşdirilýär. Taslamanyň gurluşyk işleri şu ýyl başlanar we oňa goýulýan maýa goýumlaryň möçberi 400 million şweýsar frankyna (500 million ABŞ dollaryndan gowrak) deň bolar. 2030-njy ýylda açylmagyna garaşylýan täze seýilgähe dynç alşa gelýänleriň sany ýylda 500 müňden 1,2 million adama çenli bolar.

Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.