Dünýä Kubogy 2026-nyň yklymlararasy pleý-off duşuşyklaryndan soň belli boljak toparlarynyň hem bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda, 2 ýygyndy 48 toparyň hataryna goşular. Bu ugurda Demirgazyk we Merkezi Amerika hem-de Karibler zolagyndan 2, Afrikadan 1, Aziýadan 1, Okeaniýadan 1 hem-de Günorta Amerikadan 1 ýygyndy bäsleşer. Bu tapgyryň ähli duşuşygy Meksikanyň Zapopan hem-de Guadalupe şäherlerinde geçiriler

1-nji geçelgede Täze Kaledoniýa bilen Ýamaýkanyň ýygyndylary duşuşar. Ýeňiş gazanan topar Kongo DR-niň ýygyndy bilen final duşuşygyny geçirer.

2-nji geçelgede bolsa Boliwiýa bilen Surinamyň ýygyndylarynyň özara duşuşygynyň ýeňijisi Yragyň milli topary bolar.

Duşuşyklar geljek ýylyň 26-njy martynda we 31-nji martynda oýnalar.