Ispaniýanyň çempionatynda “Barselona” öz meýdançasynda “Osasuna” toparyny Rafinýanyň 70-nji hem-de 86-njy minutlarda geçiren gollary esasynda 2-0 hasabynda utdy. Madridiň “Realy” myhmançylykda “Alawesi” Mbappe hem-de Rodrigonyň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda madridlilere ýeňiş getiren goly geçiren Rodrigo çempionatda 11 aýdan soň tapawutlanmak başartdy. “Real Madrid” çempionatda soňky 6 oýunda 2-nji gezek ýeňiş gazandy. Şol hasap “Atletiko” bilen “Walensiýanyň” arasyndaky oýunda-da madridlileriň peýdasyna hasaba alyndy.

R. Sosiedad – Žirona: 1-2 (Gedeş 35 – Sygankow 76, 84),

Atletiko – Walensiýa: 2-1 (Koke 17, Grizmann 74 – Beltran 63),

Malýorka – Elçe: 3-1 (Morlanes 5, Maskarel 82, Muriki 89 – Maffeo 21 ö.d.),

Barselona – Osasuna: 2-0 (Rafinýa 70, 86),

Hetafe – Espanýol: 0-1 (Kabrera 53),

Sewilýa – Owiedo: 4-0 (Adams 4, Sou 22, Mendi 51, Edžuke 89),

Selta – Atletik: 2-0 (Swedberg 48, El-Abdellaiu 55),

Alawes – Real Madrid: 1-2 (Wisente 68 – Mbappe 24, Rodrigo 76),

R. Wallekano – Betis (şu gije, 01:00)