24-nji martda Daniýada geçirilen möhletinden öňki parlament saýlawlarynyň deslapky netijeleri mälim edildi. Ýurduň häzirki Premýer-ministri Mette Frederikseniň ýolbaşçylygyndaky Sosial-demokratik partiýa (DSDP) sesleriň agramly bölegini alyp, ýene-de birinji orny eýeledi.
Ýurduň gury ýer böleginde Sosial-demokratlar 21,9 göterimi ses almagy başardylar. Beýleki öňe saýlanan partiýalaryň sanawy şeýle: Sosialistik halk partiýasy: 11,5%, “Wenstre” (Liberal partiýa): 10,3%, Liberal alýans: 9,4%, Daniýanyň halk partiýasy: 9,2%.
Soňky ýedi ýylyň dowamynda Daniýanyň hökümetine ýolbaşçylyk edip gelýän Mette Frederiksen, saýlaw kampaniýasyny “Bil baglap boljak Premýer-ministr” diýen şygar astynda alyp bardy. Halkara synçylaryň bellemegine görä, Frederikseniň Grenlandiýanyň awtonomiýasyny we milli bähbitleri halkara arenasynda berk goramagy, onuň abraýynyň has-da artmagyna getirdi.
Premýer-ministr öz çykyşlarynda bilimi we durmuş goraglylygyny has-da gowulandyrmagy, şeýle hem immigrasiýa syýasatynda yzygiderli tertip-düzgüni saklamagy wada berdi.
Daniýanyň 179 orunlyk bir palataly parlamenti bolan Folketingde hiç bir partiýa bir özi absalýut köpçüligi gazanyp bilmedi. Bu bolsa ýurduň köp partiýaly demokratik däplerine görä, täze koalisiýon hökümeti gurmak üçin syýasy gepleşikleriň başlanjakdygyny aňladýar.
Häzirki wagtda synçylar hökümet düzümi üçin birnäçe syýasy güýçleriň, şol sanda häzirki goranmak ministri Truls Lund Poulseniň we daşary işler ministri Lars Lökke Rasmusseniniň hem mümkinçilikleriniň ýokarydygyny belleýärler.
Daniýanyň indiki dört ýyllyk ösüş ugruny kesgitlejek bu saýlawlar, ýurduň ykdysady durnuklylygyny we sosial abadançylygyny berkitmäge gönükdirilendir.
PDF









