Ýerleşýän ýeri boýunça täsin stadionlaryň biri “Woždowas” stadionydyr. Serbiýanyň paýtagty Belgradda ýerleşýän bu stadion “Woždowas” futbol klubuna degişlidir. Bu klub häzirki wagtda Serbiýanyň 2-nji ligasynda çykyş edýär. Stadionyň esasy aýratynlygy, onuň şäherdäki iri söwda merkezleriniň biriniň üstünde, ýagny üçeginde ýerleşmegidir. Stadion dünýäde üçekde ýerleşýän stadionlaryň arasynda öňe saýlanýanlaryň biri hökmünde görülýär. Şäheriň 17 sebitiniň biri bolan Woždowasyň Zaplanska köçesinde ýerleşýän stadionyň gurluşygyna 2011-nji ýylda badalga berlip, 2013-nji ýylyň awgustynda açylýar.

 

Halk arasynda “Söwda merkezi stadiony” hem diýilýän stadion 5200 orunlyk bolup, ol UEFA-nyň standartlaryna doly laýyk gelýär. Başgaça aýdylanda, bu stadionda UEFA Çempionlar Ligasynyň ýa-da Ýewropa Ligasynyň duşuşyklaryny geçirip bolýar.

Stadionyň tutýan meýdany 74 müň 600 inedördül metre deň bolup, onuň gurluşygy üçin 22 million ýewro möçberinde çykdajy edilýär. Stadion ýerden 24 metr beýiklikde ýerleşýär. Stadionyň ýaşyl meýdançasy hakyky ota golaý emeli, plastiki ot bilen örtülendir. Gündelik durmuşda halk stadionyň aşagyndaky söwda merkezine gelip, öz gerekli zatlaryny alyp gidýär. Bu ýagdaý duşuşyklaryň geçirilýän mahalynda hem dowam edýär.